Il-ýurt ähmiýetli işler

21 Maý 2024
672

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler aýdyň geljegimizi nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümleleri barha dabaralanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda umumadamzat bähbitli ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň täze taryhynda şeýle beýik işler eziz Diýarymyzy ösdürmekden, halkymyzyň abadançylygyny, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ösüşini aýdyň beýan edýän şanly wakalar taryh sahypalaryna ýazylýar. Şolaryň hatarynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Mary welaýatynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, şeýle-de Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralarynyň bolmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň netijesidir. Bularyň her biri ýurdumyzyň beýik ösüşine, pudaklaryň döwrebap mümkinçilige eýe bolmagyna gönükdirilen uly goşantdyr. Bu ägirt uly desgalar iň täze enjamlar bilen üpjün edilip, ykdysady ösüşimiziň kuwwatynyň uly mümkinçiliklere eýedigini alamatlandyrýar.

Myrat TÄÇMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.