Ykdysady kuwwatyň görkezijisi

21 Maý 2024
454

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlarda düýpli özgerişlikler amala aşyrylyp, ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşler gazanylýar. Bu gazanylýan üstünliklerde, beýleki pudaklar bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynyň hem uly orny bardyr. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desganyň işe girizilmegine ak pata bermegi ähli ildeşlerimizi begendirdi.

Sebitlerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagy işjeň maýa goýum syýasatyny talap edýär. Şeýle uly möçberli gurluşyk işleriniň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň keşbini düýpgöter özgerdýär we önümçilik-durmuş ulgamlarymyzyň ýokary depginli ösüşini kepillendirýär. Bu desgalar ýurdumyzyň önümçilik pudagyny, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini halkara derejelerine ýetirmekde ähli amatlyklary döredýär. Ýurdumyzda gurulýan köp ugurly desgalar we binalar barada aýdylanda, bir zady aýratyn bellemeli, ol hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamasyna bildirilýän örän ýokary talaplardyr. Diňe ýokary hilli taslamalaryň işlenilip düzülmegi, olarda ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň gazanan iň soňky üstünlikleriniň göz öňünde tutulmagy, taslamalaryň halkara talaplaryna laýyk getirilmegi döwrebap gurluşyk işlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Halyk REJEBOW,
Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň talyby.