Durmuş ugurly ykdysadyýeti ilerledip

22 Maý 2024
475

Ösüşinde ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşulyp, Türkmenistan özüni diňe bir baý tebigy mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde däl, eýsem, milli ösüşiň esasy ýörelgesine — ykdysady taýdan özüňi doly üpjün etmek ýörelgesine üstünlikli we yzygiderli eýerýän ýurt hökmünde hem ykrar etdirdi. Şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň oňyn önümçilik netijeleri bu pikirimiziň dogrudygyna birjik-de şübhe goýmaýar. Ösüşler ilatyň durmuşynda aýdyň şöhlelenýär. Abadançylyk we bolçulyk — ine, türkmenistanlylaryň häzirki «ýaşaýyş peýzažy».

Durmuşa geçirilýän makroykdysady syýasat jemi içerki önümiň möçberlerini ýokary depginler bilen artdyrmaga mümkinçilik berýär. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi bolsa ýurdumyzyň uzak möhletleýin geljegi üçin ösmegini göz öňünde tutýan strategik maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly gazanylýar. 3-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda amala aşyrylan işler kiçi-girim däl. Makroykdysady görkezijiler jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilendigini tassyklaýar: ösüş 6,3 göterim. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm hem artdy. Ol 11,4 göterime ýetdi. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda jemi öndürilen önümiň 7,8 göterim artandygyny nazara alsak, onda entek ýylyň ahyryna çenli edilmeli işleriň az däldigi belli bolýar, ýöne ýylyň birinji çärýeginde gazanylan kadaly ykdysady ösüş bellenilen wezipeleriň mundan beýläk-de üstünlikli çözüljekdigine ynamy artdyrýar. Türkmenistan şu ýyl hem jemi içerki önümiň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin möhüm çäreleri görýär.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».