«Rysgally gapdan» rysgal ýagýar

22 Maý 2024
507

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren galkynyşdan ganatlanan döwrümizde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi bilen ýurdumyzyň döwlete degişli bolmadyk ykdysady böleginde içerki we daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply milli haryt öndürijileriň täze nesli kemala geldi.

Döwlet goldawlaryndan ruhlanan türkmen telekeçileri ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli taýýar önümler bilen üpjün etmeklige we bazar bolçulygyny kemala getirmeklige mynasyp goşant goşýarlar. Ine, şeýle öňdebaryjy telekeçileriň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Bahadur Durdyýewdir.

Azat MAMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap geňeşiniň başlygy.