Gazagystan bilen Hytaýyň arasynda demir ýol gatnawy 14% ýokarlandy

24 Maý 2024
329

«Trend» tarapyndan berlen habarda ýanwar — aprel aýlarynyň netijelerine görä, Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky demir ýol ulaglarynda daşalan ýüküň möçberiniň 10,1 million tonna ýetendigi, munuň bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14% köpdügi tassyklandy. Şunlukda, eksport 21% ýokarlandy we 4,5 million tonna ýetdi.

Altynköl — Horgos serhet geçelgesinden geçýän ýük gatnawlarynyň derejesi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 8% ýokarlandy we 4,2 million tonna ýetdi. Bu geçelgäniň üstünden amala aşyrylýan eksport 42% artyp, 1,5 million tonnalyk görkezijä eýe boldy.