"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Türkmenistan Watanymyzyň bedew batly ösüşleri iň täze taryhymyza beýik şan berýär. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýyllarymyz biri-birinden zyýada gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda her günümiz toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň öňüsyrasynda — 27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirmegi, oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hem gatnaşmagy munuň hakykatdan-da şeýlediginiň ýene bir ýola aýdyň güwäsi boldy. ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY — KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.

Täze ýyl her birimize rysgal-bereket getirsin!

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň depgini barha ýokarlanýar. Dürli maksatly binalaryň we lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Muňa 28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşmagynyň hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmeginiň mysalynda göz ýetirmek bolýar. BERKLIK, UZAK MÖHLETLEÝINLIK — ESASY TALAP

Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr

Mermer paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Älem» medeni-dynç alyş merkezi Täze ýyl baýramynyň dabaralarynyň geçirilýän esasy ýerleriniň biridir. Şoňa görä-de, 28-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşmagy bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi. BU MEÝDANÇA TÄSIN SYÝAHATA ÇAGYRÝAR

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasy: dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek

Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. 28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi muny aýdyň tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelýän täze — 2025-nji ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Parahatçylyk taglymaty

Aýlan, çarhypelek...Dolanan döwranSiňer ruhlaryna şahandaz iliň.Bir saçak başynda guralan döwräňIçinden burk urar ysy ma:zynyň. Joşar göwün,Daşar göwün — derýadyr,Ynam birleşdirer ýüreklermizi.Gojaman taryhyň dörjeläp ýadyn,Beýik eýýam ýazar iň kämil sözi.

Gel, Täze ýyl, galkynyşly illere!

Bagtyýar halkymyz ýene-de sanlyja sagatlardan agzybirlikde we jebislikde uly şatlyk-şowhun, dabara bilen täze — 2025-nji ýyly garşylar. Häzirki wagtda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baýramçylyk şowhuny höküm sürýär. Hususan-da, gözel Aşgabadymyzyň nurana keşbine özboluşly gözellik çaýýan arçalara gözüň düşende, lezzetli duýgular kalbyňy gurşap alýar. Täze ýyl baýramy golaýlaşdygyça, ynsan göwni telwaslanyp, süýji arzuw-hyýallara beslenýär. Ähli ünji-aladany köne ýylda galdyryp, täze ýyla täze arzuwlar, ýagşy niýetler bilen gadam basmak asylly däbe öwrülip, asyrlarboýy dowam edip gelýär. Eýsem, biz Täze ýyl baýramynyň golaýlap gelýänini haçan duýýarys?! Elbetde, ýaşyl arçalar dürli yşyklardan lybas geýnende.

Globusyň öňünde (Täze ýyl arzuwlaryndan)

31-nji dekabr. Sagat ylaýyk 19:00-y görkezýär. Ähli adam Täze ýyl şatlygyndan joşýar, birek-birege iň ýakymly, iň arzyly jümlelerden gutlag sözleri ýollanýar. Menem şeýle. Olardan bir tapawudym: men häzir mekdep ýyllarynda arzylap satyn alan globusymyň öňünde durun. Ýyllaryň heniz üýtgedip ýetişmedik endigine eýerip, şu pursat eýýäm «Günüň dogýan ýurduna» Täze ýylyň gelendigi barada pikir edýän. Bize-de Täze ýyly garşylamaga bary-ýogy bäş sagat galdy. Hawa, göni bäş sagat. Şol bäş sagadyň bütin bir sagadyny diýen ýaly şu globusyň öňünde geçirdim. Çünki globus meni dünýä «aýlaýar». Dürli döwürleriň Ibn Halduny, Marko Polosy, Hristofor Kolumby, Wasko da Gamasy, Fernan Magellany... bolup dünýä syýahat edýärin. «Ýer ala — ýurt ala» diýleni. Belentli-pesli, ummanly-ymgyr sähraly, deňizli-derýaly, yssy-sowuk ýurtlar häzir juda golaýjagymda. Gadym geograflaryň togalak däl, tekiz, özem ümmülmez diýen Ýeri togalak görnüşde öňümde dur.

Ýakymly günleriň täsiri

Gyş gelse, ilki bilen, gar, Täze ýyl arçasy, şeýle-de Aýazbaba hakydaňyza dolýarmy? Diýmek, siz ümürleriň aňyrsyndan jyklap duran çagalyk günleriňiziň ýatdan çykmajak pursatlaryny henizem ýatlamalar sandygyňyzyň iň arzyly ýerinde saklap ýörensiňiz. Ylalaşýaňyzmy? Geliň, onda, bir pursatlygam bolsa, çagalygymyza dolanalyň! TÄZE ÝYL DIÝLENDE, ILKINJI NOBATDA, NÄME ÝADYŇYZA DÜŞÝÄR?

Täze ýyl ýatlamalary (Oýlanma)

Gapydan iki guty süýji bilen öýe girenimi gören ejem: «Tüweleme, men-ä Aýazbaba geldimikä öýtdüm» diýip, degişmäge durdy. «Aý, indi Aýazbabanyňkam hezil. «Özi alar» diýip, sowgadyňam işde goýýar gaýdyberýär» diýşime, menem degişmesine görä jogap berdim. Otagyma geçibem, kakamyň ýylgyryp duran suratyna seretdim. Ýene alas-gopaslyk başlady ýüregimde. Bu sowgatlary özümiň däl-de, «O-ho, Narbölek, Täze ýylyň gutly bolsun, gyzym! Aýazbaba-ha ýene süýji baryny ugradandyr» diýip, ýylgyryp gapydan girýän kakamyň getirerini isledim. Garasy görnenden şatlyga beslenýän öýümiz o wagtlar dünýädäki iň hezil ýerdi. Iň bagtly çagadym menem. Ulalyp, ep-esli ýaşa ýetenem bolsam, Täze ýyl gelse, häli-häzirlerem, näme üçindir, ýene şol günleri küýseýän. Hasam kakamy göresim gelýär bu baýramçylykda. Hemme zada edil çagalygymdaky ýaly ynanasym gelýär.

Ýyldyz (Hekaýa)

— Eje, bu näme? — Ýyldyzjyk.

Türkmenistan — GDA: hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Şu jähetden, 25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň GDA formatyndaky möhüm duşuşyklardyr maslahatlara yzygiderli gatnaşýandygyny, şeýle hem olaryň geçirilýän ýeri bolup durýandygyny bellemelidiris. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onuň gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Mejlisiň barşynda Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi aýratyn ýakymlydyr.

Ynsan saglygy — döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry

Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna baryp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy bilen ýakyndan tanyşmagy munuň şeýledigine güwä geçýär.

Anyk wezipeler, oňyn çözgütler

Häzirki wagtda oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, obasenagat toplumynda we sebitlerde möwsümleýin işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa 23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň häkimleri sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.

Baş alada — eşretli durmuş, bagtyýar geljek

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler amala aşyrylyp, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Ahal we Mary welaýatlarynda döwrebap gidrotehniki desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylmagy munuň aýdyň güwäsi boldy.

Dostlukly gatnaşyklaryň miweleri

Ata Watanymyzyň daşary syýasatynda Ýakyn Gündogar sebitiniň döwletleri, şol sanda ösen ykdysadyýeti we özboluşly medeniýeti bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly döwlete ilkinji resmi saparyny amala aşyrmagy, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilim hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplaryndan ybarat topar dostlukly ýurduň ady agzalan Diplomatik Akademiýasynda okuw sapaklaryny geçdiler. «Halkara aragatnaşyklar: BAE-niň syýasaty, medeniýeti we ykdysady ugurlary» atly okuw maksatnamasynyň çäklerinde Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň geçen sapaklary diýseň täsirli boldy. BAE-niň Halypa diplomatlar geňeşiniň başlygy doktor Saýid Al Şamsiniň dostlukly döwletiň taryhy, daşary syýasatynyň esasy ugurlary, medeniýeti, ykdysadyýeti boýunça beren sapagy bizde uly gyzyklanma döretdi. Akademiýanyň ylmy işgäri Mustafa Baýuminiň, Ýakyn Gündogaryň syýasaty bölüminiň ýolbaşçysy Obaýd Al Dhanhaniniň, doktor Sara Çehebiň dürli ugurlardan eden çykyşlary biziň üçin ö

Sungat ýürekleri birleşdirýär

Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň we daşary ýurtly sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Ildeşlerimiz, aýratyn hem, ýaşlar estrada ýyldyzlarynyň şüweleňlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde meşhur estrada ýyldyzlarynyň şowhunly konsertleri baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär.

Şahandaz halkyň wäşileri okyjylarymyza iň gowy arzuwlaryny aýdýarlar

Her birimiz Täze ýylyň sepgidinde ömrüň iň ýakymly pursatlary hakyndaky süýji ýatlamalara berlenimizi duýman galýarys. Öz ýanyňdan geçen günlere nazar aýlap, täze bat, täze gadam bilen täze ýyla aýak basýarsyň. Her ýyl bolşy ýaly, 2024-nji ýyl hem watandaşlarymyz üçin iň düşümli ýyllaryň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, biz hem baýramçylyk günlerinde şahandaz halkymyzyň wäşi ogullary, ykbalyny sahna baglan ussatlar — Tikgi, Potdyş, Çepbe we Garly kaka bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny, baýramçylyk gutlaglaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Siz Täze ýyla taýýarmy?

Ýer planetasynyň Günüň daşyndan bir gezek doly aýlanmagy bilen tamamlanýan 365 gün «1 ýyl» diýlip atlandyrylýar. Ýylyň tamamlanyp, täze ýylyň başlanmagy bolsa dünýäniň çar künjünde uly şowhun bilen bellenilýär. Eýýäm noýabr aýynyň soňky hepdesinden Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli söwda merkezlerinde arzanlaşyklar başlaýar. Dekabryň gelmegi bilen bolsa bütin dünýä Täze ýyl baýramynyň ruhuna girýär. Daş-töwerekdäki bezelen arçalar, Aýazbabalar, sowgatly torbalar... baýramyň golaýlaşyp gelýändiginiň buşlukçysydyr. Eýsem, siz Täze ýyla taýýarmy?! NÄME ÜÇIN TÄZE ÝYLY BELLEÝÄRIS?