Türkmenistan — GDA: hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarlylyk
Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Şu jähetden, 25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň GDA formatyndaky möhüm duşuşyklardyr maslahatlara yzygiderli gatnaşýandygyny, şeýle hem olaryň geçirilýän ýeri bolup durýandygyny bellemelidiris. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onuň gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Mejlisiň barşynda Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi aýratyn ýakymlydyr.