"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — GDA: hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Şu jähetden, 25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň GDA formatyndaky möhüm duşuşyklardyr maslahatlara yzygiderli gatnaşýandygyny, şeýle hem olaryň geçirilýän ýeri bolup durýandygyny bellemelidiris. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onuň gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Mejlisiň barşynda Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi aýratyn ýakymlydyr.

Ynsan saglygy — döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry

Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, olary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrmak we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna baryp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy bilen ýakyndan tanyşmagy munuň şeýledigine güwä geçýär.

Anyk wezipeler, oňyn çözgütler

Häzirki wagtda oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, obasenagat toplumynda we sebitlerde möwsümleýin işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa 23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň häkimleri sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.

Baş alada — eşretli durmuş, bagtyýar geljek

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler amala aşyrylyp, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Ahal we Mary welaýatlarynda döwrebap gidrotehniki desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylmagy munuň aýdyň güwäsi boldy.

Dostlukly gatnaşyklaryň miweleri

Ata Watanymyzyň daşary syýasatynda Ýakyn Gündogar sebitiniň döwletleri, şol sanda ösen ykdysadyýeti we özboluşly medeniýeti bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly döwlete ilkinji resmi saparyny amala aşyrmagy, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilim hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplaryndan ybarat topar dostlukly ýurduň ady agzalan Diplomatik Akademiýasynda okuw sapaklaryny geçdiler. «Halkara aragatnaşyklar: BAE-niň syýasaty, medeniýeti we ykdysady ugurlary» atly okuw maksatnamasynyň çäklerinde Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň geçen sapaklary diýseň täsirli boldy. BAE-niň Halypa diplomatlar geňeşiniň başlygy doktor Saýid Al Şamsiniň dostlukly döwletiň taryhy, daşary syýasatynyň esasy ugurlary, medeniýeti, ykdysadyýeti boýunça beren sapagy bizde uly gyzyklanma döretdi. Akademiýanyň ylmy işgäri Mustafa Baýuminiň, Ýakyn Gündogaryň syýasaty bölüminiň ýolbaşçysy Obaýd Al Dhanhaniniň, doktor Sara Çehebiň dürli ugurlardan eden çykyşlary biziň üçin ö

Sungat ýürekleri birleşdirýär

Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň we daşary ýurtly sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Ildeşlerimiz, aýratyn hem, ýaşlar estrada ýyldyzlarynyň şüweleňlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde meşhur estrada ýyldyzlarynyň şowhunly konsertleri baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär.

Şahandaz halkyň wäşileri okyjylarymyza iň gowy arzuwlaryny aýdýarlar

Her birimiz Täze ýylyň sepgidinde ömrüň iň ýakymly pursatlary hakyndaky süýji ýatlamalara berlenimizi duýman galýarys. Öz ýanyňdan geçen günlere nazar aýlap, täze bat, täze gadam bilen täze ýyla aýak basýarsyň. Her ýyl bolşy ýaly, 2024-nji ýyl hem watandaşlarymyz üçin iň düşümli ýyllaryň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, biz hem baýramçylyk günlerinde şahandaz halkymyzyň wäşi ogullary, ykbalyny sahna baglan ussatlar — Tikgi, Potdyş, Çepbe we Garly kaka bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny, baýramçylyk gutlaglaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Siz Täze ýyla taýýarmy?

Ýer planetasynyň Günüň daşyndan bir gezek doly aýlanmagy bilen tamamlanýan 365 gün «1 ýyl» diýlip atlandyrylýar. Ýylyň tamamlanyp, täze ýylyň başlanmagy bolsa dünýäniň çar künjünde uly şowhun bilen bellenilýär. Eýýäm noýabr aýynyň soňky hepdesinden Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli söwda merkezlerinde arzanlaşyklar başlaýar. Dekabryň gelmegi bilen bolsa bütin dünýä Täze ýyl baýramynyň ruhuna girýär. Daş-töwerekdäki bezelen arçalar, Aýazbabalar, sowgatly torbalar... baýramyň golaýlaşyp gelýändiginiň buşlukçysydyr. Eýsem, siz Täze ýyla taýýarmy?! NÄME ÜÇIN TÄZE ÝYLY BELLEÝÄRIS?

Duýguly dünýä

HOŞ GELDIŇ, TÄZE ÝYL! Ýürekleri gülki bilen dolduryp,Hoş geldiň, Täze ýyl, biziň illere!Günleň gujagynda aýdym galdyryp,Hoş geldiň, Täze ýyl, biziň illere!

Şygryýet çemeni

«DÄLIBAL» FILMINDEN SOŇKY OÝLANMA Dälibalym!Dälibalym!Dälibal!Haly harap hyýallaryň goý indi.Telbelenip joşa düşen köňüldeYşkyň pelsepesi aýan göründi.

Şygryýet älemi

WATANYMYŇ TÄZE ÝYLY Her kim seni janu-tenden söýýändir,Her kim seni goraýandyr mençeräk.Watan, gökde pasyrdadyp baýdagňy,Bu ýyl kimler daşgyn, joşguny bilenAbraýyňa abraý goşdy çemçeläp.

Aýagyň düşsün, 2025! (Durmuş we biz)

Eýýäm üçje gün galaýypdyr geleriňe. Köçeler ýene şagalaňa beslenipdir. Bir-iki sapar gar dagam ýagdy. Mazaly sowady howalaram. Şunça adamlar ýene seniň geleriňe howlugýarlar. Dünýäniň süýjüden-süýji günleriniň, başdan geçirilmeli gowulyklaryň, ýürekde beslän arzuwlarynyň hasyl bolary üçin hemme senden umytda. Üsti naz-nygmatdan doly saçaklaram hut şol yrym bilen ýazylýar. Her ykbala alyp geljek şohlugyňy, dile getirilmese-de, her kimiň şol bolluk bilen ölçäsi gelýär. Şeýdibem, tutuş Zemin bolup seni garşylaýarys. Hasam çagalar gowy görýär seni. Dükanlardan sowgat baryny ýüklenip, öýe gelýän kakalaryna garaşmak, goşgy aýdyp, arçanyň daşyndan aýlanmak häzir olar üçin nähili ýakymlydyr. Ynsan jady diýilýän zada özüniň iň arassa duýgulary bilen ynanýar, iň arassa arzuwlaryny siňdirýär. Onuň bu duýgulary uly adam çykansoň hem ýatlaýanlygy şondan. Köçeden alagoh bolşup, Medeniýet öýüniň öňündäki arça tarap howlugyp barýan çagalary görüp ýylgyryşyma, birden hyýalymda olara goşulyşyp gidiberesim, edil şolaryňky ýaly, Aýazbabanyň başgabyny geýip, surata düşesim geldi. Çagakak töweregiň oglanlary bolup, Täze ýyl agşamy münjek ulagymyzy zer bilen bezeýşimiz, köçeme-köçe aýlanyp, adamlary Täze ýyl bilen gutlap, el salgaýşymyz ýadyma düşse, süňňümi şu wagt hem şol duýgular gaplap alýar. «Ylaýym, siziňem Täze ýylyňyz gutly bolsun, balalar! Ak gyz ýoldaşyňyz bolsun!» diýip, törlerindäki Täze

Şygryýet bossany

DOSTUMA Badyhowa ýaşlyk sowuldy eýýäm,Besdir, ýel ugruna her ýana ykdyk.Azapsyz, «Alma biş, agza düş» diýmän,Soňsuz arzuwlaryň gözlegne çykdyk.

Ylham joşguny

ÖTÜNÇ Umyt aýnaňy döwdüm,Etdim-de pagyş-para.Ynjytdym men göwnüňi,Galdym şum gargyşlara.

Ýurdumyz özgertmeler ýoly bilen öňe barýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny netijeli ösdürmek bilen bagly işler üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa 21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygynyň maglumaty, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny ösdürmek bilen bagly öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekmek bilen, wise-premýerlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. MILLI KANUNÇYLYK BINÝADY BERKIDILÝÄR

Döwletara dialogyň täze derejesi

Türkmenistan döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, dünýä döwletleri bilen oňyn gatnaşyklary dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda alyp barýar. Bu gatnaşyklar ynanyşmak we birek-biregiň bähbitlerine laýyklyk esasyndaky dialog boýunça barha işjeňleşdirilýär. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlara möhüm orun degişli bolup, 18-19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji resmi sapary amala aşyrmagy möhüm ähmiýetli wakadyr. Türkmenistan bilen Malaýziýany birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli pugtalandyrylýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýa 2011-nji, 2016-njy ýyllarda amala aşyran resmi hem-de döwlet saparlarynyň, dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanlarynyň 2014-nji, 2019-njy ýyllarda Türkmenistana bolan saparlarynyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýadyny emele getirýändigini bell

Dostluk. Hoşniýetlilik. Ynanyşmak

Türkmen-malaý hyzmatdaşlygy bu günki günde ugurlaryň giň gerimi boýunça okgunly ösdürilip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran ilkinji sapary we onuň dowamynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda, onuň gerimini giňeltmekde nobatdaky tapgyr boldy. Çünki Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, nebitgaz pudagy boýunça hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň arasynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň birini emele getirýär. Çünki Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, bu serişdeleri gözlemek, özleşdirmek we çykarmak boýunça iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Milli nebitgaz pudagynyň işiniň kämilleşdirilmegi we onuň halkara energiýa ulgamyna işjeň goşulyşmagy häzirki zaman, ekologik taýdan arassa tehnologiýalara, öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanýan uglewodorod baýlyklarynyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyny üpjün edýär.

Bazar bolçulygy — il-günüň şatlygy

Oňa göz ýetirmek isleseň, edil şu günki gün ýurdumyzyň bazarlaryna we söwda merkezlerine baraýmaly. Ýylyň ähli paslynda-da rysgal-bereketden paýly halkymyzyň Aýazbabadyr Garpamygy, akja gardyr şöhle saçýan arçalary bize sowgat berýän Täze ýylyň öňüsyrasynda has hem şähtleri açyk, ruhlary belent. Ýüzleri gülüp duran ildeşlerimiz biri-birine mähribanlyk bilen ýüzlenip, nirede nämäniň barlygy bilen gyzyklanýarlar. Töwerekden: «Tüweleme, hemme ýerde-de zatlar bol. Döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun! Arada teleýaýlymdaky ähli zatlar bol we elýeterli bolmaly diýen sözlerini eşidip, gaty begendik» diýlen buýsançly sözler ýaňlanýar. Bu sözler hormatly Prezidentimiziň 29-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisini biygtyýar ýadyňa salýar. Şonda ýurdumyzyň söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer dekabryň 5-inden başlap, baýramçylyk söwdalary üçin ýurdumyz boýunça 850-den gowrak göçme söwda nokatlaryny guramaklygyň göz öňünde tutulýandygy baradaky hasabat bilen çykyş edipdi. Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň bazarlaryny we söwda nokatlaryny azyk harytlary, gök, bakja we miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün edip, ilatyň islegini doly kanagatlandyrmak barada tabşyryk beripdi. Azyk önümlerine diýseň bol bazarlarymyz we söwda merkezleri il aladasynyň tüýs ýerine düşendigini

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň hem-de «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýaşlyk — ömrüň gülşeni» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Welimyrat ÖWEZOW,TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.

Gymmatly taryhy-edebi hazyna

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyl iň täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalar arkaly uly üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp wakalaryň biri-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyny halkymyza peşgeş bermegidir. Bu taryhy-filosofik eser hormatly Arkadagymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhy we edebi mirasy hakyndaky toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir, şeýle-de gadymy oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde gymmaty egsilmejek çeşmedir. Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary, baý taryhy babatda durmuşa geçirilen ylmy, filosofik, çeper mazmunly işler geljekki nesillerimiz üçin gymmatly hazynamyzdyr. Hut şu jähetden alnanda, Milli Liderimiziň ilimize serpaý eden eserleri — «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Älem içre at gezer», «Janly rowaýat», «Döwlet guşy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Arşyň nepisligi», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly çuňňur pelsepä ýugrulan ajaýyp kitaplary, şol sanda «Hakyda göwheri» atly täze eseri türkmen paýhasynyň kemala gelmeginde tapylgysyz milli ruhy we medeni gymmatlygymyzdyr.