"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Maşgalanyň buýsanjy Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz döwrümiziň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli mynasyp neslini kemala getirmek bilen bagly derwaýys wezipäni öňde goýýar. Bu derwaýys meseläniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işlere içeri işler edaralarynyň degişli gullugynyň işgärlerem, saldamly goşantlaryny goşýarlar. Sebäbi nesil terbiýesi hemmämiziň aladamyz bolup, bagtyýar geljegimiziň aladasydyr.

Saglygy goraýyş edaralarynda ýangyn howpsuzlygy

Ýakynda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň Sakarçäge etrap ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Begli Gurbanow bilen duşuşdy we saglygy goraýyş edaralarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş etdi. — Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr diýlip bellenilýär. Ýurdumyzyň çäginde gurlup, ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş edaralarynyň sany artýar. Şol saglygy goraýyş edaralarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek hemmämiziň borjumyzdyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, aşakdaky ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmekligi maslahat berýäris:

Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy

Gahryman Arkadagymyz: «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar» diýip bellemek bilen, adam hakdaky alada aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň geçirýän maslahatlarynda, durmuşa ornaşdyrýan işlerinde bu hakykata göz ýetirmek bolýar. 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlarynda hem Gahryman Arkadagymyz her pudagyň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Olaryň hatarynda raýatlaryň durmuş goraglylygyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak boýunça işleriň geçirilmegi, şeýle hem durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlara hemmetaraplaýyn döwlet goldawynyň berilmegi, şeýle-de işe kabul etmegiň meseleleri babatdaky wezipeleri aýratyn agzamak bolar. Döwletiň aýratyn aladasyna mätäç raýatlaryň goragy olara goşmaça kepillikleriň berilmeginde, şol sanda raýatlaryň aýratyn toparlaryny işe kabul etmek üçin paýy belleýän ýörite hukuk kadalarynyň kabul edilmeginde ýüze çykýar. Döwletiň aýratyn aladasy bilen şertlendirilen durmuş we hukuk goragyna mätäçlik çekýän adamlaryň, has takygy aýallaryň, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we başgalaryň hukuk goragy Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi we beýleki kanunçylyk namalary bilen kepillendirilýär.

Gözelligiň goýnunda

Eziz Diýarymyzyň her bir oba-şäheri, ylaýta-da, gözel paýtagtymyz Aşgabat gözlerimiziň guwanjy. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 30 ýyl, paýtagtymyzyň esaslandyrylanyna 140 ýyl dolýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ak mermerli Aşgabadyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi, ilatyň durmuş derejesi ýokary halkara görkezijilere we talaplara laýyk getirildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde täze desgalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirýär. Aşgabat şäheri tebigy taýdan gözel künjekde ýerleşýär. Günortasy gojaman Köpetdagyň gerişlerinden başlanýan, Garagum sährasyna çenli uzap gidýän ajaýyp ymaratlar gözel tebigatymyz bilen utgaşyp, täsin keşbi emele getirýär. Köpetdagyň eteginde gurulýan Hökümet münberinden nazar salanyňda, günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi açylýar.

Zähmetkeşleriň armasy ýetirildi

Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri etrabyň çäginde hereket edýän edara-kärhanalarda, önümçilik desgalarynda bolup, olaryň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli häsiýetde alyp barýarlar. Ýakynda etrabyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki ýyladyşhana toplumynyň işçi-hünärmenleri bilen hem iş üstündäki duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri ýyladyşhana toplumynyň işçi-hünärmenleri bilen iş üstünde duşuşyp, olaryň armasyny ýetirdiler.

Kitap sergisi

Tejen etrap merkezi kitaphanasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýörite kitap sergisi guraldy. Oňa kitaphananyň okyjylary we bagtyýar ýaşlar höwes bilen gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň galamyna degişli gymmatly kitaplar, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlar ýygyndylary, täze taryhy döwürde neşir edilen çeper eserler bu serginiň özboluşly bezegine öwrüldi. Kitaphananyň işgärleri sergä ýygnananlara Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň baý many-mazmuny barada täsirliden gyzykly gürrüň berdiler, olardan bölekleri okadylar we terbiýeçilik ähmiýetini düşündirdiler.

Duşuşyk geçirildi

Ahal welaýat kitaphanasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanym, göwünde ganatym, dilde dessanym» ady bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda bolan duşuşyga bagtyýar ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň işeňňir agzalary hem-de kitaphana işgärleri gatnaşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň galamyndan çykan gymmatly kitaplary wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Şol çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň halkymyza ajaýyp peşgeşi bolan gymmatly kitaplarynyň baý many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda söhbet açyldy.

Kämil nesil — bagtyýar geljek

Ertirlerimiziň mynasyp gurujylary bolan ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, olara kämil bilim bermek işi elmydama hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde saklanýar. Muňa biz şu ýylyň 12-nji fewralynda bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly çykyşyny diňläp, ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik. Ol çykyşyň düýp özeninde biziň döwletimizde nesil terbiýesine aýratyn üns berilýändigi, çaga terbiýesiniň döwrebap bolmagy üçin onuň doglan pursadyndan alada edilip ugralýandygy baradaky pikiri biziň her birimiz duýan bolsak gerek.

Konstitusion özgertmeler esasynda geçiriljek saýlawlar

Milli Liderimiziň ynsanperwer, parasatly başlangyçlary esasynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hukuk özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanda demokratik özgertmeleriň ösüşinde täze tapgyr başlandy. Milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döreder.

Halk bähbitli beýik işler

Mukaddes Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, Türkmenistanyň adam hukuklary hakyndaky birnäçe halkara hukuk namalaryna goşulmagy jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny berkitmäge ýardam etdi. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyndan soň, Türkmenistan adamyň hukuklary babatdaky ýörelgelere ygrarly boldy. Ata-babalarymyzyň goýup giden baý mirasy, däp-dessurlary türkmen halkynyň berkarar ýurdy gurmagyň, demokratiýany, hukuk döwletiniň binýadyny, raýat jemgyýetinde şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişini berkitmegiň esaslaryny emele getirýär. Hormatly Prezidentimiz: «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek gumanitar häsiýetli meseleleri çözmek, adamyň tebigy hukuklaryny, şahsyýetiň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegini, adamlaryň mynasyp we bolelin durmuşa ymtylmasyny goldamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr» diýip, parasatly belleýär. Döwlet adamyň tebigy we aýrylmaz hukuklarynyň, olaryň jemgyýetiň durmuşynda ileri tutulmagynyň ykrar edilmeginden ugur alýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 26-njy maddasynda berkidilişi ýaly: «Adamyň hukuklary we azatlyklary eldegrilmesizdir hem-de aýrybaşgalanmasyzdyr».

Türkmeniň aýratynlygy

Ir zamanda arap ulamasy iki talybyny ýanyna çagyryp: — Şu gelýän kerwende biziň çakylygymyz bilen türkmen akyldary gelmeli. Kerweniň şähere girmegine bir gün galanda öňünden çykyp, ony ýadatman, elin alyp geliň — diýipdir.

Soňky sütün

Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän melhemlik ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Türkmen alymlary tarapyndan üzärlik tüssesini netijeli peýdalanmak boýunça geçirilen ylmy-barlag we seljerme işleriniň netijesinde, adaty üzärlik ösümligini ilkinji gezek, hiç hili goşundysyz, belli bir basyş astynda dykyzlandyryp, briket görnüşine getirmek usuly işlenip düzüldi. Üzärlikden ýasalan brikedi tüsseletmek arkaly otaglary zyýansyzlandyrmak mümkindir. Briketlenen görnüşde onuň deslapky bejeriji häsiýetleri saklanyp galýar. Üzärlik ösümligini briketleşdirmek boýunça geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan «Üzärlik ösümligini briketleşdirmegiň usuly» atly oýlap tapyşyň çäklendirilen patenti alyndy. Üzärligi briketleşdirmek usulynyň esasy maksady ýylyň ähli paslynda, islendik ýerde tüsseletmek arkaly, bu melhemlik ösümligiň howany tämizleýji, rahatlandyryjy, dürli ýaramaz täsirlerden goraýjy häsiýetini giňden peýdalanmakdan ybaratdyr. Dürli keselleriň öňüni almak bilen baglylykda, üzärlik briketiniň önümçiliginiň senagat derejesinde ýola goýulmagy içerki sarp edijileriň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrmaga we ony daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. * * *

Gyz edebi — il edebi

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde welaýat Polisiýa müdirliginiň guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa kümüş saçly eneler, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, talyp gyzlar gatnaşdylar.

Magtymguly diýlip ady tutulsa...

Ýaşyň ýokary galdygyça, ýyllar juda çalt geçýär. Sen indi ähli zada ýüzleý garaýan göçgünli ýaş oglan däl-de, ykbalyň daşgynynam, gaýtgynynam telim gezek gören, dadylmaly süýji zatlaram, ajy zatlaram kemsiz dadan, häzir bolsa aklygyň içinde gezip ýören ýaşuly adamsyň. Seni indi barha Magtymguly özüne çekýändir. Onuň goşgulary okalýan pursatda ähli zady unudýansyň. Okarsyň, oýlanarsyň, özüňçe netije çykararsyň: seniň göwnühoş ýylgyrmaň aňyrsynda eden haýyr işleriň bardyr, hyrçyňy dişläp, baş ýaýkamaň aňyrsynda bolsa eden hata işleriň bardyr. Magtymguly, aýdylyşy ýaly, seni ýüpsüz baglandyr, sebäbi sen beýik ynsanyň huzuryna baransyň! Onuň aýdan zady kändir, örän kändir...

Gözegçiliksiz otdan seresap boluň

Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha gowulanýar. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki binalary aýawly saklamak, olarda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ýaşaýyş jaýlarynda, esasan, elektrik, gaz bilen işleýän gyzdyryjy enjamlar bilen iş salşylanda, örän seresaply bolmak gerek. Gaz peçleriniň güýçli ýakylyp, olaryň golaýynda ýanyjy materiallaryň galdyrylmagy, peje tebigy gazy eltmek üçin rezin geçirijiniň çekilmegi, onuň bolsa gyzgyna eremegi netijesinde howply ýagdaýlar döräp biler. Şeýle-de ýakylan gaz peçleriniň birnäçe wagt gözegçiliksiz galdyrylmagy, pejiň ýanyjy materiallaryň üstünde oturdylmagy hem ýangyn hadysasynyň döremegine sebäp bolýar.

Ruhubelentlige eltýän ýol (Kämillige tarap)

Käte durmuşda özümizi başarnyksyz duýýarys. Näçe jan edip işlesek-de, öňki öndürijiligimiz ýok ýaly, her näçe jan edip okasak-da, derslerdäki başarnygymyz öňkülerden pese gaçýan ýaly, beýleki adamlaryň bize bolan garaýşy üýtgäp barýan ýaly duýulýar. Hemişe bir zada ýetişmeýän ýaly, iňňän kiçijek bir meseläni ýa-da päsgelçiligi hem ulaldyp, ondan baş alyp çykyp bilmän ýören ýaly duýgulary başdan geçirýäris. Özümizi, köplenç, ýadaw duýup, sähelçe zada gaharlanyp, edýän işimize ünsümizi jemläp bilmän gezýäris. Aslynda, bu agzalan meseleleriň düýp sebäbi — dartgynlylyk. Dartgynlylyga näme sebäp bolýar?

Ynsan we tebigat

♦ Aňyň taryhy tebigatyň taryhynyň dowamydyr. Taryhy ösüşi nazara almasaň, adamzada bolşy ýaly, tebigata hem düşünip bilmersiň. Gersen.

Zäh­met gatnaşyklarynyň hukuk kadalary

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­me­giň esa­sy mak­sa­dy ýur­duň gül­läp ös­me­gi üçin yg­ty­bar­ly hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň zäh­met ka­nun­çy­ly­gy top­la­nan tej­ri­be­ler we umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry esa­syn­da kä­mil­leş­di­ril­ýär. Ada­myň zäh­met çek­mä­ge, öz is­le­gi­ne gö­rä hü­när, kär we iş ýe­ri­ni saý­lap al­ma­ga, sag­dyn hem howp­suz zäh­met şert­le­ri­ne bo­lan hu­ku­gy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len hu­kuk ka­da­la­ry yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy» zäh­met gat­na­şyk­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we zäh­me­ti go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek, onuň esa­syn­da zäh­met ka­nun­çy­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek, döw­re­bap zäh­met ba­za­ry­ny, iş bi­len üp­jün­çi­li­giň dur­muş ke­pil­len­dir­me­le­ri ul­ga­my­ny eme­le ge­tir­mek ba­ra­da­ky çä­re­le­riň giň top­lu­my­ny göz öňün­de tut­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­kyň ýa­şa­ýyş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýär. Ýur­du­myz­da ila­tyň

Çagalaryň söý­gü­li mult­fil­mi

Ça­ga­la­ryň uly hö­wes bi­len to­ma­şa edýän «Dur, ba­ka­ly!» mult­fil­mi­niň dö­re­di­le­ni­ne 51 ýyl dol­sa-da, ol iň söý­gü­li mult­film­le­riň ha­ta­ryn­dadyr. Mult­film 1969-njy ýyl­da «So­ýuz­mult­film» stu­di­ýa­sy­nyň re­žiss­ýo­ry Gen­na­diý So­kolsk ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ri­lip baş­la­nyp­dyr. Ol il­kibaş­da 3 sa­ny gys­ga sýu­žet­den yba­rat bo­lup­dyr. Mult­film­de mö­je­giň tow­şan­jy­gy yzar­laý­şy we her ge­ze­gem bir şow­suz­ly­gyň üs­tün­den bar­şy gy­zyk­ly wa­ka­la­r arkaly su­rat­lan­dy­rylýar. Je­mi 20 bö­lüm­den yba­rat bo­lan bu mult­fil­miň bö­lüm­le­ri dür­li ýyl­lar­da su­ra­ta dü­şü­ri­lip­dir. Her bö­lü­miň dür­li-dür­li ýer­ler­de, me­se­lem dü­kan­da, mu­zeý­de, se­ýil­gäh­de, sta­dion­da, met­ro­da, sirk­de su­ra­ta dü­şü­ril­me­gi mult­fil­mi özü­ne çe­ki­ji ed­ýär. Onuň gy­şyň gar­ly gün­le­ri­ni su­rat­lan­dyr­ýan we tä­ze ýy­la ba­gyş­la­nan bö­lüm­le­ri has-da gy­zyk­ly. Tä­ze ýyl ag­şa­my bel­le­nil­ýän bö­lü­min­de mö­je­giň we tow­şan­jy­gyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren «Aýaz­ba­ba­nyň we Gar­pa­my­gyň» aý­dy­my ýö­ri­te şu mult­film üçin ýa­zy­lyp­dyr. Gah­ry­man­la­ra bel­li akt­ýor­lar Ana­to­liý Pa­pa­now we Kla­ra Rum­ýa­no­wa ses be­rip­dir­ler.

Jümle-jahan habarlary

Antilopa jülgesi