Gözelligiň goýnunda

23 Fewral 2021
823

Eziz Diýarymyzyň her bir oba-şäheri, ylaýta-da, gözel paýtagtymyz Aşgabat gözlerimiziň guwanjy. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 30 ýyl, paýtagtymyzyň esaslandyrylanyna 140 ýyl dolýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ak mermerli Aşgabadyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi, ilatyň durmuş derejesi ýokary halkara görkezijilere we talaplara laýyk getirildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde täze desgalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirýär.

Aşgabat şäheri tebigy taýdan gözel künjekde ýerleşýär. Günortasy gojaman Köpetdagyň gerişlerinden başlanýan, Garagum sährasyna çenli uzap gidýän ajaýyp ymaratlar gözel tebigatymyz bilen utgaşyp, täsin keşbi emele getirýär. Köpetdagyň eteginde gurulýan Hökümet münberinden nazar salanyňda, günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi açylýar.

Myrat ROZMURADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.