Zähmetkeşleriň armasy ýetirildi

23 Fewral 2021
870

Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri etrabyň çäginde hereket edýän edara-kärhanalarda, önümçilik desgalarynda bolup, olaryň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli häsiýetde alyp barýarlar. Ýakynda etrabyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki ýyladyşhana toplumynyň işçi-hünärmenleri bilen hem iş üstündäki duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri ýyladyşhana toplumynyň işçi-hünärmenleri bilen iş üstünde duşuşyp, olaryň armasyny ýetirdiler.

Tawus BEKNAZAROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy. SURATLARDA: duşuşykdan pursatlar. Surata düşüren Aýdo ŞEKEROW.