Duşuşyk geçirildi

23 Fewral 2021
692

Ahal welaýat kitaphanasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanym, göwünde ganatym, dilde dessanym» ady bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda bolan duşuşyga bagtyýar ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň işeňňir agzalary hem-de kitaphana işgärleri gatnaşdy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň galamyndan çykan gymmatly kitaplary wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Şol çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň halkymyza ajaýyp peşgeşi bolan gymmatly kitaplarynyň baý many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda söhbet açyldy.

Agow GOWŞUDOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň bölüm müdiri.