Halk bähbitli beýik işler

23 Fewral 2021
742

Mukaddes Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, Türkmenistanyň adam hukuklary hakyndaky birnäçe halkara hukuk namalaryna goşulmagy jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny berkitmäge ýardam etdi. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyndan soň, Türkmenistan adamyň hukuklary babatdaky ýörelgelere ygrarly boldy. Ata-babalarymyzyň goýup giden baý mirasy, däp-dessurlary türkmen halkynyň berkarar ýurdy gurmagyň, demokratiýany, hukuk döwletiniň binýadyny, raýat jemgyýetinde şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişini berkitmegiň esaslaryny emele getirýär. Hormatly Prezidentimiz: «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek gumanitar häsiýetli meseleleri çözmek, adamyň tebigy hukuklaryny, şahsyýetiň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegini, adamlaryň mynasyp we bolelin durmuşa ymtylmasyny goldamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr» diýip, parasatly belleýär.

Döwlet adamyň tebigy we aýrylmaz hukuklarynyň, olaryň jemgyýetiň durmuşynda ileri tutulmagynyň ykrar edilmeginden ugur alýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 26-njy maddasynda berkidilişi ýaly: «Adamyň hukuklary we azatlyklary eldegrilmesizdir hem-de aýrybaşgalanmasyzdyr».

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jezalary ýerine ýetirmek müdirliginiň 2-nji bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory, hukuk ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär.