Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy

23 Fewral 2021
865

Gahryman Arkadagymyz: «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar» diýip bellemek bilen, adam hakdaky alada aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň geçirýän maslahatlarynda, durmuşa ornaşdyrýan işlerinde bu hakykata göz ýetirmek bolýar. 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlarynda hem Gahryman Arkadagymyz her pudagyň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Olaryň hatarynda raýatlaryň durmuş goraglylygyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak boýunça işleriň geçirilmegi, şeýle hem durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlara hemmetaraplaýyn döwlet goldawynyň berilmegi, şeýle-de işe kabul etmegiň meseleleri babatdaky wezipeleri aýratyn agzamak bolar.

Döwletiň aýratyn aladasyna mätäç raýatlaryň goragy olara goşmaça kepillikleriň berilmeginde, şol sanda raýatlaryň aýratyn toparlaryny işe kabul etmek üçin paýy belleýän ýörite hukuk kadalarynyň kabul edilmeginde ýüze çykýar. Döwletiň aýratyn aladasy bilen şertlendirilen durmuş we hukuk goragyna mätäçlik çekýän adamlaryň, has takygy aýallaryň, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we başgalaryň hukuk goragy Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi we beýleki kanunçylyk namalary bilen kepillendirilýär.

Gurbangül BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.