Kitap sergisi

23 Fewral 2021
778

Tejen etrap merkezi kitaphanasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýörite kitap sergisi guraldy. Oňa kitaphananyň okyjylary we bagtyýar ýaşlar höwes bilen gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň galamyna degişli gymmatly kitaplar, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlar ýygyndylary, täze taryhy döwürde neşir edilen çeper eserler bu serginiň özboluşly bezegine öwrüldi. Kitaphananyň işgärleri sergä ýygnananlara Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň baý many-mazmuny barada täsirliden gyzykly gürrüň berdiler, olardan bölekleri okadylar we terbiýeçilik ähmiýetini düşündirdiler.

Ogulmaman GURBANGELDIÝEWA,
Tejen etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.