"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE MAGTYMGULY PYRAGY

Pyragynyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, durmuş-ýaşaýyş baradaky pikirleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalarynda öz beýanyny tapýar.Esasy Kanunymyz umumadamzat gymmatlyklarynyň esasy ýörelgeleri bolan demokratik, hukuk, dünýewi döwlet baradaky taglymatlary özünde jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenýän 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň wekili Magtymguly Pyragynyň şahyrana hazynasynyň ylmy esasda seljerilýändigini we pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek babatynda uly işleriň ýerine ýetirilýändigini hem-de geljekde-de şeýle işleriň dowam etdiriljekdigini görkezýär.

ŞYGYR ÝALY SAZLAŞYKLY BAŞLANGYÇLAR

Şygryň edebiýatyň iň sazlaşykly görnüşidigi barada jedel ýok. Türkmen edebiýatynda şygyr diýlende ilki bilen Magtymguly Pyragy ýaly läheň seriňe dolýar. Magtymguly Pyragy diýeniňde bolsa 2024-nji ýyldan gürrüň açyberesiň gelýär. Beýik akyldaryň adyny göterýän ýyldaky başlangyçlardyr şol başlangyçlardan kemala gelen üstünlikler hem edil şygryň özi ýaly sazlaşykly. Biz muny esasy süňňüni Arkadagly ýaşlar düzýän sport jemgyýetçiliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynda gazanan üstünliklerinde hem aýdyň görýäris. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny halkara üstünlikleriň ýüzlerçesine beslän türgenlerimiz eýýäm ikinji aýy tamamlanyp barýan ýyla badyny gowşatman gadam goýdular. Eýýäm ýylyň ilkinji 20 günlüginde 14 ýaşa çenli körpe tennisçilerimiz Oman Patyşalygynyň Maskat şäherinde geçirilen Günbatar we Merkezi Aziýanyň çempionatynda medallaryň altysyny gazanmagy başardylar. Şunda olaryň gazanan medallarynyň ikisiniň altyn, dördüsiniň kümüş medaldygyny nygtamak gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ilkinji altyn medallarymyzy soňky ýyllaryň ýaşajyk ýyldyzyna öwrülen Ilima Guseýnowa gazanan bolsa, ol kümüş medallary jübütleýin ýaryşda Aýlar Kakabaýewa bilen bilelikde gazandy.

ADY DÜNÝÄ DOLÝAN BEÝIK AKYLDAR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy türkmen halkyny beýgelden, abraý-mertebesini dünýäde belende göteren nusgawy şahyrdyr.Taryhda öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragy biziň ruhy sütünimizdir. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň at-owazasy has-da belende göterilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna gol çekdi. Bu Kanunyň kabul edilmegi medeni mirasymyzy ösdürmekde, dünýä giňişliginde wagyz etmekde, nesilleriň arabaglanyşygyny kemala getirmekde, şeýle-de ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitirenleri sylaglamak maksady bilen döredildi. Mälim bolşy ý

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. * * *

Sport – ajaýyp döwrümiziň ýaraşygy

Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýän döwri bolan häzirki ajaýyp zamanamyz, bilşimiz ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyryldy. Adamlaryň durmuşynyň, tutuş jemgyýetiň galkynyşa eýe bolmagynyň esasy şertleriniň biri bolsa şol durmuşda, şol jemgyýetde saglyga, sagdyn durmuş ýörelgesine, sporta uly üns berilmeginden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli çäreleriň hatarynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek üçin iň oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Halkara ýaryşyň medallary

Türkmenistanly türgenler Polşanyň Warşawa şäherinde dzýudo boýunça geçirilen «Warsaw European Open 2024» halkara ýaryşynda altyn we kümüş medallara mynasyp boldular. Türkmen türgenleriniň arasyndan 57 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Maýsa Pardaýewa altyn medala mynasyp boldy. Ol 25 ýurtdan gelen 30 türgeniň arasyndan tapawutlanyp, ol hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldi.

Halk bähbidini nazarlaýan taryhy çözgütler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadan, eşretli, bolelin durmuşyny yzygiderli pugtalandyrmaga gönükdirilen beýik işlerdir tutumlar üstünlikli dowam etdirilýär. Şan-şöhratly wakalary taryha altyn harplar bilen ýazylýan ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisiniň agzybir halkymyzyň arzuw-isleglerinden ugur alýandygy buýsandyryjydyr. Şol işlerdir tutumlar bolsa Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgeleriniň gün-günden rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi bu döwletli tutumlaryň, beýik işleriň dowamat-dowamdygynyň nobatdaky subutnamasy boldy diýip buýsanç bilen aýtmak bolar. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm waka bolan mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri maksatnamalaýyn çykyş etdi. Şol taryhy çykyşdan görnüşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzy depginli ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şer

Beýik akyldaryň hormaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň medeniýetini, edebiýatyny, medeni mirasyny öwrenmek, gorap saklamak, wagyz etmek we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda nusgalyk işler amala aşyrylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işlerem munuň aýdyň subutnamasydyr. Gündogaryň beýik akyldary we şahyry dünýä edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahsyýetleriň naýbaşylarynyň biri bolup, ata-babalarymyz onuň ajaýyp goşgularyny asyrlarboýy kalplarynda göterip, geljekki nesillere ýetiripdirler. Ajaýyp zamanamyzda bolsa ol şygyrlar Ýer ýüzüniň ähli yklymlarynda ähli halklar tarapyndan söýlüp okalýan eserlere öwrüldi. Öz ajaýyp şygyrlarynda watançylyk, gahrymançylyk, dostluk, päk ahlaklylyk, ýaman pişelerden daşda durup, sagdyn durmuşa eýermek ýaly pikir-garaýyşlary öňe süren akyldar şahyrymyza ösüşlere beslenýän döwrümizde uly hormat-sarpa goýulýar. «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýik şahyryň akyl-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan döredijiligine diýseň ýo

Gündogaryň meşhur akyldary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda häzirki zaman ösen lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny, halk lukmançylygynyň tejribelerini, lukmançylykda yz goýan alymlaryň mirasyny düýpli öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilendir. Bu babatda lukmançylykda öçmejek miras goýan alym, beýik akyldar Abu Aly ibn Sinanyň işlerini öwrenmekde ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň köpdügini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Öz hünärim bilen baglylykda, men gadymyýetiň beýik alymy Ibn Sinanyň eserlerini gyzyklanmak bilen köp okadym. Meni bu adamyň gyzyklanmalarynyň çuňlugy we giňligi haýran galdyrdy. Ibn Sina diňe bir lukman hökmünde däl, eýsem, filosof we akyldar hökmünde hem beýikdir».

Sagdynlygyň rowaçlanýan ýurdy

Ata Watanymyz Türkmenistanyň görlüp-eşidilmedik üstünliklere, ösüşlere beslenýän zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn hem beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri uly ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam bolýandygyna Diýarymyzda bolup geçýän şanly wakalaryň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris.

Welaýatlardan habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ildeşlerimiziň sagdyn durmuş kadalaryny, bedenterbiýäni we sporty esasy durmuş ýörelgeleriniň birine öwrendigi ajaýyp hakykatdyr. Diýarymyzyň çar künjeginde ähli amatlyklary özünde jemleýän saglygy goraýyş hem-de sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi raýatlaryň sagdynlygyny goramakda we berkitmekde, sporty ösdürmekde döwletimiz tarapyndan taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň güwäsidir. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň rowaçlanmagynda wagyz-nesihat çäreleriniň ähmiýeti hem örän ýokarydyr. Biziň işgärlerimiziň gatnaşmaklarynda hem şeýle çäreler yzygiderli geçirilip, olar sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz etmäge, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegi ündemäge gönükdirilýär. Wagyz-nesihat çärelerinde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda geçirilýän işler hakynda giňişleýin gürrüň edilýär.

Şanly ýylyň şygary

Tutuş ýylymyzyň döwürleriň hem-de nesilleriň ylham çeşmesine öwrülen Magtymguly Pyragy bilen baglanyşdyrylmagy bizi diýseň begendirdi. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň awgustynda Milli Liderimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparynyň çäklerinde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanşanda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny okap bermegi buýsandyryjy waka boldy. Mälim bolşy ýaly, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Söz ussadynyň hormatyna geçirilýän çäreler halkara guramalaryň hem uly goldawyna eýe bolýar.

Zenanlara pul sowgatlary gowşurylýar

Güneşli Diýarymyzda durmuşymyzyň bezegi bolan aýal-gyzlara belent sarpa goýulýar. Her ýylyň 8-nji martynda ýurdumyzda Halkara zenanlar güni giňden bellenilýär. Golaýda hormatly Prezidentimiz şu ajaýyp bahar baýramy mynasybetli eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, ylym-bilim ojaklarynda okaýan gelin-gyzlara, şeýle-de pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan zenanlara pul sowgadyny gowşurmak baradaky resminama gol çekdi. Bu hoş habar türkmenistanlylaryň her birinde buýsanç duýgusyny döretdi.

Belent binalar görner

Gahryman Arkadagymyzyň adybir goşgusyndan ruhlanyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Diýmek, şeýle mertebeli ýyla adyna mynasyp işler ýaraşýar. Munuň şeýledigini Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisi hem aýdyň görkezdi. Şol mejlisde döwlet Baştutanymyz akyldar şahyryň adyny göterýän ýylda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän iri taslamalar barada jikme-jik aýdyp berdi. Üstümizdäki ýylda gurlup ulanmaga beriljek ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany 430 müň inedördül metre ýeter. Munuň özi berkarar döwletimizde ýene-de täze şäherçeleriň ençemesi emele geler diýildigidir. Mekdep okuwçylarynyň 5360-sy, körpeleriň bolsa 1200-si gapylaryny ilkinji gezek açjak ak mekdeplere, bilim we terbiýeçilik edaralaryna gadam goýar. Köp sanly iri taslama bilen ugurdaşlykda ululy-kiçili taslamalaryň hem birnäçesi durmuşa geçiriler. Olaryň käbiri ýurdumyzyň gündogar sebitinde açylyp, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyna, il-günümiziň eşretli ýaşaýşyna goşant goşar. Ýyllyk kuwwatlylygy 2 million tonna

Maksatly tutumlar — rowaçlygyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir raýatyň syýasy, ykdysady, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, döwletiň we jemgyýetiň demokratik kadalaryny, hukuk esaslaryny berkitmek babatdaky giň gerimli işler jemgyýetimiziň öňünde täze wezipeleri goýýar. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» hem Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini iň ýokary derejelere çykarmak ýaly belent wezipeleri kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 22-nji fewralda geçirilen mejlisinde bu Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden çykyşynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp işlenilip düzülen Maksatnamany amala aşyrmakda öňde duran wezipeleri birnäçe aýratynlyklar boýunça kesgitledi. Olarda önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, eksporty artdyrmak we impor

Sahawatyň sarpasy

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda, ýaş nesillere berýän öwüt-nesihatlarynda ynsanperwerligi, agzybirligi, haýyr-sahawatlylygy, akýürekliligi, lebzihalallygy, zähmetsöýerligi, ruhy we ahlak taýdan arassalygy halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen durmuş kadalary hökmünde öňe sürýär. Bu ajaýyp däp-dessurlar häzirki günlerde hem mähriban halkymyzyň mizemez agzybirliginiň synmaz kepili bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ynsan ykballary birmeňzeş bolmaýar. Bagtly adamlar köp, ýöne durmuş synaglaryna duçar bolýan, ejiz, ýarawsyz ýa-da ata-enäniň mährinden ir galyp, durmuşyň ajysyny datmaly bolýan ynsanlar hem bar. Şonuň üçin hem ejizi, ýetim-ýesiri goldamak, oňa eliňden gelen kömegiňi berip, ýardam etmek ýaly adamkärçilik ýörelgesi biziň üçin kada öwrülipdir.

Sungata siňen metjit

Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän, il içinde «Änew metjidi» ady bilen tanalýan Seýit Jemaleddin metjidiniň geçmiş-taryhyna, onuň binagärlik aýratynlyklaryna bagyşlanyp dürli ýyllarda uly göwrümli kitaplar, ylmy makalalar ýazyldy. XV asyra degişli bolan bu metjidiň şekili daşary ýurtly we türkmen nakgaşlarynyň döredijiliginde öz mynasyp ornuny tapdy. Belli ermeni nakgaşy Martiros Sarýan hem bu metjidi öz eserinde täsirli suratlandyran sungat ussatlarynyň biridir.

Täzelik

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň muzeýine gezelenç gurady. Oňa Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki edara-kärhanalaryň işgärleri, tebigaty söýüjiler, ýaşlar gatnaşdylar. Gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň baý taryhyna degişli bolan gadymy ýadygärlikler we ösümlikler, haýwanat dünýäsi bilen tanyşdylar. Şeýle-de tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleriniň täsirli gürrüňlerini diňlediler. Hünärmenler goraghananyň taryhy, şeýle hem häzirki wagtda bu ýerde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Lagym arassalaýjy desga ulanmaga berildi

Düýn Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ahal geňeşliginiň çäginde lagym arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi. Şu mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara welaýat, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, dili senaly ýaşululardyr mährem eneler, şeýle-de ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, olary tygşytlamaga ýardam berýän häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de innowasion ylmy-tehnologik işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak, sebitlerde lagym suwuny arassalaýjy desgalary gurdurmak we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen baglanyşykly tagallalaryň barha rowaçlanýandygyny belläp, toý meýdançasyna ýygnananlary täze desganyň gurulmagy mynasybetli gutladylar. Çykyşlarda ulus-ilimiziň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrundaky tutumly işleri we täze desgany gurdurandygy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş aýdyldy.