Belent binalar görner

1 Mart 2024
428

Gahryman Arkadagymyzyň adybir goşgusyndan ruhlanyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Diýmek, şeýle mertebeli ýyla adyna mynasyp işler ýaraşýar. Munuň şeýledigini Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisi hem aýdyň görkezdi. Şol mejlisde döwlet Baştutanymyz akyldar şahyryň adyny göterýän ýylda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän iri taslamalar barada jikme-jik aýdyp berdi. Üstümizdäki ýylda gurlup ulanmaga beriljek ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany 430 müň inedördül metre ýeter. Munuň özi berkarar döwletimizde ýene-de täze şäherçeleriň ençemesi emele geler diýildigidir. Mekdep okuwçylarynyň 5360-sy, körpeleriň bolsa 1200-si gapylaryny ilkinji gezek açjak ak mekdeplere, bilim we terbiýeçilik edaralaryna gadam goýar. Köp sanly iri taslama bilen ugurdaşlykda ululy-kiçili taslamalaryň hem birnäçesi durmuşa geçiriler. Olaryň käbiri ýurdumyzyň gündogar sebitinde açylyp, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyna, il-günümiziň eşretli ýaşaýşyna goşant goşar.

Ýyllyk kuwwatlylygy 2 million tonna

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».