ŞYGYR ÝALY SAZLAŞYKLY BAŞLANGYÇLAR

2 Mart 2024
395

Şygryň edebiýatyň iň sazlaşykly görnüşidigi barada jedel ýok. Türkmen edebiýatynda şygyr diýlende ilki bilen Magtymguly Pyragy ýaly läheň seriňe dolýar. Magtymguly Pyragy diýeniňde bolsa 2024-nji ýyldan gürrüň açyberesiň gelýär. Beýik akyldaryň adyny göterýän ýyldaky başlangyçlardyr şol başlangyçlardan kemala gelen üstünlikler hem edil şygryň özi ýaly sazlaşykly. Biz muny esasy süňňüni Arkadagly ýaşlar düzýän sport jemgyýetçiliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynda gazanan üstünliklerinde hem aýdyň görýäris.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny halkara üstünlikleriň ýüzlerçesine beslän türgenlerimiz eýýäm ikinji aýy tamamlanyp barýan ýyla badyny gowşatman gadam goýdular. Eýýäm ýylyň ilkinji 20 günlüginde 14 ýaşa çenli körpe tennisçilerimiz Oman Patyşalygynyň Maskat şäherinde geçirilen Günbatar we Merkezi Aziýanyň çempionatynda medallaryň altysyny gazanmagy başardylar. Şunda olaryň gazanan medallarynyň ikisiniň altyn, dördüsiniň kümüş medaldygyny nygtamak gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ilkinji altyn medallarymyzy soňky ýyllaryň ýaşajyk ýyldyzyna öwrülen Ilima Guseýnowa gazanan bolsa, ol kümüş medallary jübütleýin ýaryşda Aýlar Kakabaýewa bilen bilelikde gazandy.

«Arkadagly Ýaşlar»