Sungata siňen metjit

29 Fewral 2024
388

Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän, il içinde «Änew metjidi» ady bilen tanalýan Seýit Jemaleddin metjidiniň geçmiş-taryhyna, onuň binagärlik aýratynlyklaryna bagyşlanyp dürli ýyllarda uly göwrümli kitaplar, ylmy makalalar ýazyldy. XV asyra degişli bolan bu metjidiň şekili daşary ýurtly we türkmen nakgaşlarynyň döredijiliginde öz mynasyp ornuny tapdy. Belli ermeni nakgaşy Martiros Sarýan hem bu metjidi öz eserinde täsirli suratlandyran sungat ussatlarynyň biridir.

Meretgylyç ÝAGMYROW,
«Edebiýat we sungat».