Lagym arassalaýjy desga ulanmaga berildi

29 Fewral 2024
520

Düýn Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ahal geňeşliginiň çäginde lagym arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi. Şu mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara welaýat, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, dili senaly ýaşululardyr mährem eneler, şeýle-de ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, olary tygşytlamaga ýardam berýän häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de innowasion ylmy-tehnologik işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak, sebitlerde lagym suwuny arassalaýjy desgalary gurdurmak we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen baglanyşykly tagallalaryň barha rowaçlanýandygyny belläp, toý meýdançasyna ýygnananlary täze desganyň gurulmagy mynasybetli gutladylar. Çykyşlarda ulus-ilimiziň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrundaky tutumly işleri we täze desgany gurdurandygy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş aýdyldy.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.