TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE MAGTYMGULY PYRAGY

2 Mart 2024
435

Pyragynyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, durmuş-ýaşaýyş baradaky pikirleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalarynda öz beýanyny tapýar.Esasy Kanunymyz umumadamzat gymmatlyklarynyň esasy ýörelgeleri bolan demokratik, hukuk, dünýewi döwlet baradaky taglymatlary özünde jemleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenýän 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň wekili Magtymguly Pyragynyň şahyrana hazynasynyň ylmy esasda seljerilýändigini we pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek babatynda uly işleriň ýerine ýetirilýändigini hem-de geljekde-de şeýle işleriň dowam etdiriljekdigini görkezýär.

Süleýman DURDYÝEW
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň müdiri.