ADY DÜNÝÄ DOLÝAN BEÝIK AKYLDAR

2 Mart 2024
387

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy türkmen halkyny beýgelden, abraý-mertebesini dünýäde belende göteren nusgawy şahyrdyr.Taryhda öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragy biziň ruhy sütünimizdir. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň at-owazasy has-da belende göterilýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna gol çekdi. Bu Kanunyň kabul edilmegi medeni mirasymyzy ösdürmekde, dünýä giňişliginde wagyz etmekde, nesilleriň arabaglanyşygyny kemala getirmekde, şeýle-de ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitirenleri sylaglamak maksady bilen döredildi. Mälim bolşy ýaly, mundan on ýyl çemesi öň, ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy giňden bellenilen 2014-nji ýylda hem Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly döredilipdi we türkmen medeniýetini ösdürmäge, nusgawy şahyryň döredijilik mirasyny ylmy taýdan öwrenmäge, wagyz etmäge saldamly goşant goşan raýatlarymyz sylaglanyldy.

Aýbölek ABDYRASULOWA
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň baş hünärmeni.