"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgasy

Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli tagallalary netijesinde, her bir ulgamda sanlyja ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilen beýik işler asyrlara barabardyr.

Köpçagaly eneleriň kabul edişligi

Ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden toýlanylýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren, terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Şeýle belent ada mynasyp bolan zenanlaryň arasynda welaýatymyzyň wekilleri hem bar. Golaýda welaýat häkimliginde «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleriň kabul edişligi boldy. Dabara mahalynda çykyş edenler köpçagaly eneleri berlen hormatly ady bilen tüýs ýürekden gutlap, olara ýeneki gowulyklary arzuwladylar. Şonuň ýaly-da olar ýurdumyzda zenanlara, mährem enelere uly hormat-sarpa goýulýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Ýurdumyzda zenan mertebesini belentde tutýandyklary, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döredip berýändikleri üçin çykyşlarda Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Soňra dabara gatnaşan köpçagaly enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ajaýyp döwrüň bagtyýar eneleri

Halkara zenanlar gününde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylan eneleri sarpalamak dabarasy Balkan welaýatynda hem ýokary guramaçylyga eýe boldy. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabara egsilmez şatlyk-şowhuna beslendi. Gutlag çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy nesilden-nesle geçirip gelýän zenanlarymyza goýulýan hormat-sarpa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam tapýar. Zenanlar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekmek bilen, Diýarymyzy kuwwatly döwlete öwürmekdäki taryhy tutumlaryň rowaçlygyna mynasyp goşant goşýarlar.

Täze jaýlar — eşretli durmuşyň nyşany

Balkanabat şäherinde Halkara zenanlar gününde iki sany döwrebap ýaşaýyş jaýy ulanyşa tabşyryldy. Täze taryhy eýýamyň ýokary talaplaryna laýyklykda bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.

Žurnalistika — döwrüň aýnasy

Beýleki jemgyýetçilik ylymlary ýaly, žurnalistika hem şu günki durkuna gelýänçä, örän çylşyrymly ýollardan geçdi. Ol öz gulluk edýän jemgyýetiniň täsiri bilen mydama özgertmelere, ösüşlere sezewar bolýar. Žurnalistika adamzat siwilizasiýasynyň önümi bolmak bilen, ol dünýä medeniýetiniň, dünýä jemgyýetiniň ösüşiniň «aýnasydyr». Žurnalistikanyň mazmuny we görnüşi mydama taryhda yz galdyran sosial ulgamlaryň isleglerine bagly bolupdyr. Häzirki wagtda žurnalistika hünärinde okaýan talyplar Aşgabat şäherindäki gazet-žurnallaryň redaksiýalaryna, teleradio ýaýlymlarynyň bölümlerine berkidilýär. Olar okuwdan boş wagtlary şol ýerlerde tejribelikde bolup, hünär boýunça kämilleşýärler.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we ähli gelin-gyzlaryna Gutlag haty bilen ýüzlendi. Onda: “Täze ýaşaýşyň buşlukçysy bolup, tebigaty gözelligi bilen özgerdýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde milli ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi mynasyp dowam etdirýän enelerimiziň, gözelligi edep-ekrama ýugrulan gelin-gyzlarymyzyň şanyna guralýan aýdym-sazly dabaralaryň olaryň göwünlerini galkyndyryp, Garaşsyz Watanymyza bolan söýgini we buýsanjy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn” diýlip bellenilýär. ***

Aşgabatda täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Aşgabatda meýilleşdirilen täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesi bilen “Täze zaman” ýaşaýyş toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsini gurmak boýunça halkara bäsleşigiň geçirilendigini aýtdy.

Döwletiň rowaçlygy maşgaladan başlanýar

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň gözel künjeginde 4 gatly, 64 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi Halkara zenanlar gününde bagtyýar maşgalalar üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Iri panelli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna jaý toýlaryny toýlamak bagtyna eýe bolan maşgalalardan başga-da, welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň zähmetkeşleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäheriniň görküne görk goşan täze ýaşaýyş jaýyny sowgat eden hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyşlaryny we hoşallyk sözlerini aýtdylar. Aýdym-sazyň joşgunly owazyna ulaşan çärede bagtdan paýly maşgalalara täze jaýdan öýleriň açarlarynyň berilmegi, şeýle-de onuň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçy hünärmenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy ýatda galyjy, şatlykly pursada öwrüldi. Dürli reňkli şarlaryň asmana uçurylmagy bilen, dili senaly ýaşulular täze jaýyň toý bagyny dabaraly ýagdaýda kesdiler. Bu pursat ýaşulularyň baş bolmagynda dabara gatnaşýan myhmanlara täze jaýdaky öýlere aýlanyp, bagtyýar maşgalalar üçin döredilen amatlyklar bilen tanyşmaga müm

Öýüm — ömür örküm

Halkara zenanlar gününde Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary hormatly Prezidentimizden ajaýyp sowgady — her biri 40 hojalyga niýetlenilen dört gatly, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýynyň ikisini serpaý aldylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gülüp gelen baharynyň başynda ulanyşa tabşyrylan bu döwrebap jaýlaryň şatlyk-şowhunly açylyş dabarasyna Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary, ýerli ýaşaýjylar ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnanan mährem eneleri, gelin-gyzlary ajaýyp baýramçylyk bilen gyzgyn gutladylar hem-de ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen bagtyýar maşgalalara ýürek arzuwlaryny beýan etdiler. Iki we üç otagly öýlerden ybarat täze jaýlara göçüp gelen maşgalalara öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Eşretli ýaşamak üçin döwrebap şertler döredilen bu jaýlaryň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Daň ýagtysy» hususy kärhanasynyň hünärmenleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirdiler.

Täze jaýlara göçüp bardylar

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenabat şäherinde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de üçüsi açylyp ulanmaga berildi. Olaryň açylyş dabaralary şäheriň ýaşaýjylary üçin hakyky toý şatlygyna beslendi. Şäheriň Zelili köçesiniň ugrunda gurlan 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň her biri 24 öýden ybarat. «Şähergurluşyk we hyzmat» hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy täze jaýlaryň baş potratçysy boldy. «Rowaçly pursat» we «Höwesli ugur» hususy kärhanalarynyň işçi-hünärmenleri gurluşyk işlerinde bu kärhana ýakyndan ýardam berdiler.

Eşretli günleriň höziri

Düýn Daşoguz şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda demir ýol işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada dördüsi açylyp ulanmaga berildi. Her biri 16 öýli, 4 gatly bu jaýlar welaýat merkeziniň gözel keşbine täze görk berip, özboluşly toplumy emele getirýär. «Türkmendemirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Daşoguz lokomotiw bekedinde zähmet çekýän demirýolçularyň döwletli maşgalalarynyň jemi 64-si ýokary amatlyklary bolan bu jaýlara göçüp geldi. Göwünlere ýaz ýaly egsilmez şatlyk hem mähir paýlaýan owadan baýram gününde olaryň täze ojaklarynda goşa toý tutuldy. Açylyş dabarasy bu ajaýyp baýramyň toý çärelerine utgaşyp, şatlyk-şowhuna, bagtly pursatlara beslendi. Täze jaýlaryň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Çemenli daglar» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri ýokary hilli ýerine ýetirdiler.

Ähli amatlyklar döredilen

Halkara zenanlar gününde Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň Şypaly şaýolunyň ugrunda täze bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada ikisi açylyp, bu ýerde guralan toý dabaralary ýokary ruhubelentlige beslendi. Jaýlaryň biri 4 gatly, 24 öýli, beýlekisi 4 gatly, 32 öýlüdir. Raýatlaryň buýurmalaryna laýyklykda, paýly gurluşyk gatnaşyklary esasynda gurlan bu jaýlary Baýramalynyň ýöriteleşdirilen gurluşyk dolandyrmasynyň hem-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki “Gurluşykawtohyzmat” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary gurdular.

Taryhy özgertmeleriň rowaç alýan döwri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda taryhy ösüşlere beslenýän 2024-nji ýylynyň ilkinji iki aýy yzda galdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şol iki aýyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijesinde gazanylan görkezijiler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýandygynyň, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen birlikde, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hem agzalan döwürde tarypa mynasyp işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaz paslynyň ilkinji güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem bu barada aýratyn nygtalyp aýdyldy. Şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen,

Gutlagnama

Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bagyşlanýar Diýar gözel, bahar gözel, siz gözel,Ylhamyňyz egsilmesin, halypa! Ähli zatdan dörän eken söz ozal,Eserlerňiz dowam bolsun, halypa!

Zenan — zeminiň zynaty

Eziz Watanymyzda mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp ýaşamagy, ylymly-bilimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi, yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmegi, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere zenanlaryň işjeň gatnaşmagy, dürli ugurlarda ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde durýan belent maksatlary amala aşyrmakda, eziz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş binýadyny pugtalandyrmakda, uly ýeňişleri gazanmakda, milli ýörelgelerimiziň esasynda nesillere döwrebap terbiýe bermekde yhlasly, işeňňir, başarjaň zenanlarymyzyň mynasyp goşandy bardyr. Ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli zähmeti bilen uly üstünlikleri gazanýan zenanlarymyzyň nusgalyk göreldesi hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Zenan türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ata Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrýarlar. Türkmenistanly türgen gyzyň 2021-nji ýylyň tomsunda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanmagy bolsa türkmen sportunyň taryhyna altyn sahypalary ýazdy. 202

Beýik akyldara sarpa

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen edebi mirasymyzy öwrenmäge we dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmaga örän uly üns berilýär. Halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen bilelikde dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijilik mirasy çuňňur öwrenilýär. Beýik türkmen şahyryny hatyralap, 2024-nji ýylyň

Baý­ram my­na­sy­bet­li

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň äh­li ze­nan­la­ry­ny baý­ram­çy­lyk sow­ga­dy bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da­ky Ka­ra­ra gol çek­me­gi äh­li ge­lin-gyz­la­ry­my­za, mäh­rem ene­le­ri­mi­ze ýo­ka­ry sy­lag-hor­ma­tyň gü­wä­si­ne öw­rül­di. Nu­ra­na baý­ram­çy­ly­gyň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­my­zyň äh­li mi­nistr­lik­le­rin­de, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da, eýe­çi­li­giň gör­nü­şi­ne ga­ra­maz­dan, äh­li eda­ra-kär­ha­na­lar­da zäh­met çek­ýän ge­lin-gyz­la­ry­my­za döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baý­ram­çy­lyk sow­gat­la­ry­ny gow­şur­mak da­ba­ra­la­ry gu­ral­dy. Şeý­le da­ba­ra­la­ryň bi­ri-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len Küşt we şaş­ka mek­de­bi­niň mej­lis­ler za­lyn­da ge­çi­ril­di. Da­ba­ra sport hü­när­men­le­ri, tä­lim­çi­ler we tür­gen­ler, sport mek­dep­le­rin­de zäh­met çek­ýän mu­gal­lym­lar gat­naş­dy­lar. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da mäh­ri­ban ze­nan­la­ry­my­za hormatly Prezidentimiziň adyn­dan baý­ram­çy­lyk sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy hem-de gut­lag söz­le­ri aý­dyl­dy. Şeý­le hem ze­nan­lar Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Aş­ga­bat şä­her ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan ýa­dy­gär­lik sow­gat­lar bi­len sy­lag­la­nyl­dy. Eneş ÝU­SU­POWA,

Zamanamyzyň nusgalyk şäheri

Berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheri özüniň binagärlik çözgütleri bilen dünýäni haýrana goýýar. Biz hem sebitde ilkinji «akylly» şäherde gurlan, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny äleme ýaýmaga öz goşandyny goşýan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň biri bolandygymyza diýseň buýsanýarys. Halkara atçylyk akademiýamyzda hem ökde seýis Aba Annaýewiň seýisçilik, atşynaslyk hünärini ele almak ugrunda alyp baran işleri, ulanan tärleri barada giňişleýin öwredilýär. Bu ýerde «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» diýen at bilen ÝUNESKO klubunyň döredilmegi bolsa halkymyzyň atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini ÝUNESKO-nyň

Milli buýsanjymyz

Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim almagy babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hem bilim almaga, ylmy işler bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilendir. Bu ýerde dünýäniň iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan okuw, kompýuter, barlaghana hem-de özbaşdak taýýarlanmak üçin ýörite otaglar bar. Häzirki wagtda türkmen atşynaslary öz işini dünýä tejribesi bilen utgaşykly alyp barýarlar. Ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek we olary ösdürip ýetişdirmegiň gadymy däplerinden başga-da, dünýä ylmynyň gazananlary, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen atçylyk pudagynyň öňdebaryjy, ösen düzümi bar.

Ynamy ödeýän şägirtler

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebinde hereket edýän sport görnüşleriniň biri hem dzýudo bolup, ýaşlar bu görnüş boýunça ykjam türgenleşik işlerini alyp barýarlar. Mekdebimiziň türgenleri geçirilýän dürli derejeli bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler. Golaýda «Olimp» orta sport mekdebiniň sport zalynda dzýudo boýunça 2009-2010-njy