Öýüm — ömür örküm

9 Mart 2024
390

Halkara zenanlar gününde Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary hormatly Prezidentimizden ajaýyp sowgady — her biri 40 hojalyga niýetlenilen dört gatly, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýynyň ikisini serpaý aldylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gülüp gelen baharynyň başynda ulanyşa tabşyrylan bu döwrebap jaýlaryň şatlyk-şowhunly açylyş dabarasyna Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary, ýerli ýaşaýjylar ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnanan mährem eneleri, gelin-gyzlary ajaýyp baýramçylyk bilen gyzgyn gutladylar hem-de ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen bagtyýar maşgalalara ýürek arzuwlaryny beýan etdiler.

Iki we üç otagly öýlerden ybarat täze jaýlara göçüp gelen maşgalalara öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Eşretli ýaşamak üçin döwrebap şertler döredilen bu jaýlaryň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Daň ýagtysy» hususy kärhanasynyň hünärmenleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirdiler.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Andreý PAKULOW.