Döwletiň rowaçlygy maşgaladan başlanýar

9 Mart 2024
424

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň gözel künjeginde 4 gatly, 64 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi Halkara zenanlar gününde bagtyýar maşgalalar üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Iri panelli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna jaý toýlaryny toýlamak bagtyna eýe bolan maşgalalardan başga-da, welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň zähmetkeşleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäheriniň görküne görk goşan täze ýaşaýyş jaýyny sowgat eden hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyşlaryny we hoşallyk sözlerini aýtdylar. Aýdym-sazyň joşgunly owazyna ulaşan çärede bagtdan paýly maşgalalara täze jaýdan öýleriň açarlarynyň berilmegi, şeýle-de onuň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçy hünärmenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy ýatda galyjy, şatlykly pursada öwrüldi. Dürli reňkli şarlaryň asmana uçurylmagy bilen, dili senaly ýaşulular täze jaýyň toý bagyny dabaraly ýagdaýda kesdiler. Bu pursat ýaşulularyň baş bolmagynda dabara gatnaşýan myhmanlara täze jaýdaky öýlere aýlanyp, bagtyýar maşgalalar üçin döredilen amatlyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik boldy.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.