Ajaýyp döwrüň bagtyýar eneleri

11 Mart 2024
376

Halkara zenanlar gününde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylan eneleri sarpalamak dabarasy Balkan welaýatynda hem ýokary guramaçylyga eýe boldy. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabara egsilmez şatlyk-şowhuna beslendi. Gutlag çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy nesilden-nesle geçirip gelýän zenanlarymyza goýulýan hormat-sarpa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam tapýar. Zenanlar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekmek bilen, Diýarymyzy kuwwatly döwlete öwürmekdäki taryhy tutumlaryň rowaçlygyna mynasyp goşant goşýarlar.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».