Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli zenanlaryny baýramçylyk sowgady bilen sylaglamak hakyndaky Karara gol çekmegi ähli gelin-gyzlarymyza, mährem enelerimize ýokary sylag-hormatyň güwäsine öwrüldi. Nurana baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyza döwlet Baştutanymyzyň baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak dabaralary guraldy. Şeýle dabaralaryň biri-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebiniň mejlisler zalynda geçirildi. Dabara sport hünärmenleri, tälimçiler we türgenler, sport mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda mähriban zenanlarymyza hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy hem-de gutlag sözleri aýdyldy. Şeýle hem zenanlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.
Eneş ÝUSUPOWA,