Binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgasy

11 Mart 2024
329

Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli tagallalary netijesinde, her bir ulgamda sanlyja ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilen beýik işler asyrlara barabardyr.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmany, lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.