Köpçagaly eneleriň kabul edişligi

11 Mart 2024
367

Ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden toýlanylýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren, terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Şeýle belent ada mynasyp bolan zenanlaryň arasynda welaýatymyzyň wekilleri hem bar. Golaýda welaýat häkimliginde «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleriň kabul edişligi boldy.

Dabara mahalynda çykyş edenler köpçagaly eneleri berlen hormatly ady bilen tüýs ýürekden gutlap, olara ýeneki gowulyklary arzuwladylar. Şonuň ýaly-da olar ýurdumyzda zenanlara, mährem enelere uly hormat-sarpa goýulýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Ýurdumyzda zenan mertebesini belentde tutýandyklary, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döredip berýändikleri üçin çykyşlarda Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Soňra dabara gatnaşan köpçagaly enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Myrat BAGŞYÝEW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.