"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sözden gudrat döreden şahyr

Magtymguly Pyragy halky agzybirlige, jebislige çagyran, milli bitewüligi arzuw edip, ony öz şygyrlarynda beýan eden beýik söz ussadydyr. Akyldaryň ajaýyp şygyrlary halkymyzyň ynsanperwerliginiň, aň-paýhasynyň, ruhy ýol-ýörelgesiniň, ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly şahyrana teswiridir. Halkymyz şahyryň agzybirlige gol ýapmak, berkarar döwlet gurmak baradaky pähimli pikirlerine ýürekden uýupdyr. Dana şahyryň umumadamzat bähbidini ileri tutýan goşgulary dünýä ýüzünde uly hormata mynasyp boldy. Onuň watansöýüjilik, halkyň ykbaly, durmuşy, adalatlylyk, ynsan mertebesi, nesil terbiýesi, ula-kiçä hormat, ata-enä söýgi ýaly öwüt-ündewleri ajaýyp zamanada öz mynasyp ornuny tapdy. Akyldaryň döredijiligi, pähim-paýhasa ýugrulan setirleri türkmeniň ruhy jebisliginiň, bitewüliginiň, agzybirliginiň berk binýadyna öwrüldi. Üstünden ençeme ýyllar geçse-de, söz ussadynyň goşgulary türkmeniň kalbyna nuranalyk şöhlesini çaýmagyny dowam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar» diýip belleýşi ýaly, akyldaryň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, halkymyzyň ruhunyň synmajak sütünine, kalbynyň senasyna öwrülip, ýüreklerde baky orun aldy. Sözüň güýji, onuň jadylaýjy gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik söz ussady ylmyň, edebiýatyň we dünýä medeniýetiniň

Pyragynyň şygyrlary — terbiýe mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy kökleri müňýyllyklara uzaýan milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy ösdürmeklige, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň adyny ebedileşdirmeklige, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaklyga aýratyn uly üns berilýär. Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dürli çäreleriň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirýäris. Dana Pyragynyň döredijiligi giden bir ummandyr. Hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip, jaýdar belleýär.

Döwletliligiň, milli terbiýäniň özeni

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, welaýat prokuraturasynyň bilelikde guramaklarynda welaýat kitaphanasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Maşgala gymmatlyklary — türkmen döwletliliginiň, milli terbiýäniň özeni» atly çärä dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, mähriban eneler, ýaşlar gatnaşdylar.

Obam

(Oýlanma) Türkmen ýaýlasyna gelen bahar paslynyň gözel görnüşi her bir ynsanyň ylham gapysyny kakýar. Ýaz paslynyň dumly-duşy owadan lybasa beslän häzirki günlerinde hyýallarym meni ýene-de çagalygyma alyp gitdi.

Bedewlere bagyşlanan sergi

Gyzylarbat şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň sergiler zalynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýaş ýetginjekleriň döredijilige, sungata bolan höwesini artdyrmak maksady bilen «Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň» atly behişdi bedewleriň suratlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa şäheriň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary, okuwçylary, muzeý işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ajaýyp zamanada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şan-şöhraty belende galýan gamyşgulak bedewlerimiziň uludan tutulýan toýuna bagyşlanan sergide sungata höwesli ýaşlaryň döreden eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýelden ýyndamlygy, gözelligi bilen sungata siňen bedewlerimiziň ajaýyp keşpleri sergini synlamaga gelenleriň ruhuny galkyndyryp, bedewlerimize bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.

Durmuş düwünçeginden

Ata-enäniň ojagy — saňa garaşýan, ynanýan, seni söýýän we bagyşlaýan  behişt gujagy. *  *  *

«Açyk gapylar» güni geçirildi

Balkanabat şäherindäki Magtymguly adyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Açyk gapylar» güni geçirildi. Çäräniň açylyş dabarasynda okuwçylar akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bagyşlanan edebi-sazly kompozisiýa, şeýle-de özleriniň döreden goşgulary bilen çykyş etdiler. Bu ýerde başlangyç synp okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary täsirliligi bilen tapawutlandy.

Üsti şemally bedew

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli şäheriň çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde mekdebiň okuwçylarynyň arasynda «Üsti şemally bedew» atly bäsleşik sergisini guradyk. Şöhratly bedewlerimiziň uludan tutulýan toýunyň şanyna guralan bäsleşik sergisine hödürlenen eserlerde halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, deňsiz-taýsyz owadanlygy, ynsana bolan wepadarlygy ussatlyk bilen wasp edildi. Ýaşajyk suratkeşler reňkleriň öwüşginli sazlaşygy bilen bedewleriň tebigy gözelligini çeken suratlarynda çeper beýan etmegi başardylar. Bäsleşik sergisinde deň-duşlaryndan tapawutlanyp, ýeňiji bolan okuwçylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik

Tejen etrabynyň Dikeldiş merkeziniň kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik guraldy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran, şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny içgin öwrenmekde, şahyryň umumadamzat bähbitli gymmatyny dünýä ýaýmakda we dabaralandyrmakda edilýän bimöçber tagallalar hakda gürrüň edildi. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýaş nesilleri watançylyk, arassa ahlaklylyk ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýetiniň bardygy dogrusynda aýratyn bellenip geçildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak babatdaky tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

Mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ýaryş

Kaka etrabyndaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda sportuň welosiped sürmek we estafeta görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermegini gazanmak bilen bir hatarda, olarda watansöýüjilik terbiýesini kemala getirmek maksady geçirilen ýaryş etrap bilim bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi tarapyndan bilelikde guraldy. Kaka etrap bilim bölüminiň iş meýilnamasyna laýyklykda guralan ýaryş diýseň gyzykly we çekeleşikli geçdi. Welosiped sürmekde etrapdaky 18-nji orta mekdebiň okuwçylaryndan düzülen topar birinji orna, 2-nji orta mekdebiň okuwçylaryndan düzülen topar ikinji orna, 21-nji orta mekdebiň okuwçylaryndan düzülen toparlar üçünji orna mynasyp boldy. Sportuň estafeta görnüşinde 17-nji orta mekdebiň okuwçylary birinji orna, 16-njy orta mekdebiň okuwçylary ikinji orna, 28-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orna mynasyp boldy.

Behişdi bedewlerimiziň şanyna

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde “Türkmen halkynyň milli buýsanjy—zamanaň guwanjy türkmen bedewi” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabara şatlyk-şowhuna beslendi.

Bedewe yhlas ýaraşar

Ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheriniň çägi owadan, çydamly, ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriň ösdürilip ýetişdirilen gadymy mekanydyr. Bu künjekde ýaşan ussat seýisleriň nesilleri atlaryň ajaýyp häsiýetlerini saklap, seýisçiligiň milli ýörelgelerini döredipdirler. Bu gün bolsa gadymy toprakda behişdi bedewleriň geçmişdäki meşhurlygy gaýtadan dikeldilýär. Köpetdagyň eteginde, tebigatyň ajaýyp künjeginde 600 baş ahalteke atyny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen athana toplumynyň açylyşyna geçen ýylyň noýabrynda şaýat bolupdyk. Bu toplum gadymy mekanda bina edilen häzirki zaman desgalarynyň üstüni ýetirdi. Şunda döwrebap athana toplumyny gurmak başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyza degişlidigini bellemelidiris. Milli Liderimiz 2021-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bolup, onuň taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşypdy. Şondan sanlyja gün geçenden soňra taryhy künjekde 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athanany gurmak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary kabul edildi.

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi

Düýn Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde sähra şertlerinde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň 60 kilometrlik menzili oňa gatnaşan 20 bedewiň içinden iň çydamlylaryny saýlady. Ir bilen etrabyň çäginde ýerleşýän «Nowruz ýaýlasynyň» golaýynda — atly ýörişiň badalga alýan ýerinde baýramçylyk ruhy höküm sürdi. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary joşgunly aýdym-sazlary we tanslary ýerine ýetirdiler. Ussat seýisleriň, çapyksuwarlaryň, atçylyk pudagynyň hünärmenleriniň, mugallymlarynyň, şeýle hem bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlaryň ýaryşa gatnaşmagynda ýola düşen bedewleriň geçmeli menzili baharyň al-elwan güllerine beslenen türkmen tebigatynyň gözel ýerleri, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginiň ugry boýunça uzady.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Ýaşlar biziň geljegimizdir TKA-nyň Ýolöten etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 11-nji orta mekdepde “Ýaşlar biziň geljegimizdir” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ertapdaky 2-nji, 9-njy, 11-nji orta mekdepleriň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.

Gözelligi bahar-ýaza ýaraşyk

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreler giň gerime eýe bolýar. Düýn Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna deslapky tapgyrda saýlanan bedewler gatnaşdyryldy. Şonda Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlarymyzdan gözellikde öňe çykan bedewler, ilki bilen, bezegsiz, ikinji gezekde bolsa şaý-sepler bilen bezelen, halyça bilen eýerlenen görnüşinde meýdança getirildi. Halkymyz gadymdan bäri ynamdar dosty bolan ahalteke bedewlerini altyndyr kümüş ýaly gymmatbaha daşlardan ýasalan şaý-sepler bilen bezäpdir. Her bir at ady, ýaşy, gelip çykyşynyň maglumatlary, eýesi bilen tanyşdyrylyp, köpçülige görkezildi. Bu atlaryň her biri meşhur nesil ugruny dowam edýär. Behişdi bedewleriň köp sanly janköýerleri arassa ganly ahalteke bedewleriniň nesilleriniň üýtgeşik beden gurluşyna, gözelligine mynasyp baha berdiler.

Aty bilen adygan türkmen

Türkmen halkynyň bedewe bolan söýgüsi örän ýokarydyr. Türkmen bedew ata «Görogly» ýaly şadessany bagyşlan halkdyr. Halkymyzyň seýisçilik, atşynaslyk sungaty öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Meşhur taryhçylar, syýahatçylar hem öz ýazgylarynda behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetiripdirler. Hytaýyň, Hindistanyň, Müsüriň, Gresiýanyň taryhy rowaýatlarynda, dürli çeşmelerde türkmen bedewleri «behişdi bedew», «ganatly bedew», «daglaryň gerşinde ýaşaýan bedew» diýlip taryplanýar. Orta asyrlarda ýaşan bir arap taryhçysy: “Türkmen atdan has oňat baş çykarýar. Ol atyna isleýşi ýaly terbiýe berýär. Atyny özi ösdürýär we ony taý wagtyndan başlap terbiýeleýär. Türkmeniň ýaşan ömrüni jemleseň, atyň üstünde geçen günleriniň ýerde oturanyndan köpdügine göz ýetirersiň” diýip ýazypdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Gerodotyň ahalteke bedewleri baradaky sözleri häzirki günlerde-de dilden düşmeýär. Ol şeýle ýazypdyr: “Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar. Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedew şalara mynasyp. Olar buýsançly başyny belent tutýarlar we ýallary howada öwşün atýar”.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Nah ýüplüklere isleg artýar

Maslahat geçirildi

Düýn — 22-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi. Ýokary derejede geçirilen maslahata bu ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Maslahatyň barşynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň wideoýüzlenmesi görkezildi. Soňra institutyň rektory çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ulag pudagyny ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini belledi. Çykyş edenler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» esasynda alnyp barylýan ulag diplomatiýasynyň daşary syýasatymyzy ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar. Şeýle hem ýakynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisinde garalan meseleler barada durlup geçildi.

Medeni gymmatlyklarymyza sarpa

Sarahs etrap bilim bölüminiň guramagynda etrabyň çäginde ýerleşýän, il arasynda Sarahs baba ady bilen meşhur bolan Abulfazl Hasanynyň  kümmetiniň suratyny çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň gadymyýetimize we taryhy geçmişimize bolan buýsanjyny artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige etrabyň ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň işlerine mynasyp baha berdiler. Şeýlelikde, birinji orna 18-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Agageldi Hümmedow, ikinji orna şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Soltanmyrat Sapalyýew, üçünji orna bolsa 19-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Selim Şöhradow mynasyp boldy.

Mekdep okuwçylary futbolda bäsleşdi

Änew şäherindäki sport desgasynda “Altyn top” ady bilen futbol ýaryşynyň Ak bugdaý etrap tapgyry geçirildi. Okuwçy ýaşlary sporta giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, sport ussatlygyny ýokarlandyrmak we uly derejedäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşa etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryş çekeleşikli duşuşyklara baý boldy. Şol duşuşyklaryň her biri ýaşlaryň sport ussatlygyny aýdyň ýüze çykardy hem-de ýaş nesliň arasynda futboluň meşhurlygynyň artýandygyny görkezdi.