Bedewlere bagyşlanan sergi

24 Aprel 2024
299

Gyzylarbat şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň sergiler zalynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýaş ýetginjekleriň döredijilige, sungata bolan höwesini artdyrmak maksady bilen «Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň» atly behişdi bedewleriň suratlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa şäheriň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary, okuwçylary, muzeý işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ajaýyp zamanada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şan-şöhraty belende galýan gamyşgulak bedewlerimiziň uludan tutulýan toýuna bagyşlanan sergide sungata höwesli ýaşlaryň döreden eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýelden ýyndamlygy, gözelligi bilen sungata siňen bedewlerimiziň ajaýyp keşpleri sergini synlamaga gelenleriň ruhuny galkyndyryp, bedewlerimize bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.

Güljahan Garaýewa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.