Sözden gudrat döreden şahyr

24 Aprel 2024
333

Magtymguly Pyragy halky agzybirlige, jebislige çagyran, milli bitewüligi arzuw edip, ony öz şygyrlarynda beýan eden beýik söz ussadydyr. Akyldaryň ajaýyp şygyrlary halkymyzyň ynsanperwerliginiň, aň-paýhasynyň, ruhy ýol-ýörelgesiniň, ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly şahyrana teswiridir. Halkymyz şahyryň agzybirlige gol ýapmak, berkarar döwlet gurmak baradaky pähimli pikirlerine ýürekden uýupdyr. Dana şahyryň umumadamzat bähbidini ileri tutýan goşgulary dünýä ýüzünde uly hormata mynasyp boldy. Onuň watansöýüjilik, halkyň ykbaly, durmuşy, adalatlylyk, ynsan mertebesi, nesil terbiýesi, ula-kiçä hormat, ata-enä söýgi ýaly öwüt-ündewleri ajaýyp zamanada öz mynasyp ornuny tapdy. Akyldaryň döredijiligi, pähim-paýhasa ýugrulan setirleri türkmeniň ruhy jebisliginiň, bitewüliginiň, agzybirliginiň berk binýadyna öwrüldi.

Üstünden ençeme ýyllar geçse-de, söz ussadynyň goşgulary türkmeniň kalbyna nuranalyk şöhlesini çaýmagyny dowam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar» diýip belleýşi ýaly, akyldaryň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, halkymyzyň ruhunyň synmajak sütünine, kalbynyň senasyna öwrülip, ýüreklerde baky orun aldy. Sözüň güýji, onuň jadylaýjy gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik söz ussady ylmyň, edebiýatyň we dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip, gymmatly eserleri döredip, türkmen nusgawy edebiýatynyň taryhynda öçmejek ýoly galdyrdy. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary bu gün dünýä dillerinde buýsançly ýaňlanýar.

Amangül Meretgylyjowa,
Türkmenbaşy şäherindäki 11-nji orta mekdebiň mugallymy.