Bedewe yhlas ýaraşar

24 Aprel 2024
292

Ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheriniň çägi owadan, çydamly, ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriň ösdürilip ýetişdirilen gadymy mekanydyr. Bu künjekde ýaşan ussat seýisleriň nesilleri atlaryň ajaýyp häsiýetlerini saklap, seýisçiligiň milli ýörelgelerini döredipdirler. Bu gün bolsa gadymy toprakda behişdi bedewleriň geçmişdäki meşhurlygy gaýtadan dikeldilýär.

Köpetdagyň eteginde, tebigatyň ajaýyp künjeginde 600 baş ahalteke atyny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen athana toplumynyň açylyşyna geçen ýylyň noýabrynda şaýat bolupdyk. Bu toplum gadymy mekanda bina edilen häzirki zaman desgalarynyň üstüni ýetirdi. Şunda döwrebap athana toplumyny gurmak başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyza degişlidigini bellemelidiris. Milli Liderimiz 2021-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bolup, onuň taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşypdy. Şondan sanlyja gün geçenden soňra taryhy künjekde 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athanany gurmak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary kabul edildi.

Aýdo ŞEKEROW.
“Türkmenistan”.