Üsti şemally bedew

24 Aprel 2024
328

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli şäheriň çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde mekdebiň okuwçylarynyň arasynda «Üsti şemally bedew» atly bäsleşik sergisini guradyk. Şöhratly bedewlerimiziň uludan tutulýan toýunyň şanyna guralan bäsleşik sergisine hödürlenen eserlerde halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, deňsiz-taýsyz owadanlygy, ynsana bolan wepadarlygy ussatlyk bilen wasp edildi. Ýaşajyk suratkeşler reňkleriň öwüşginli sazlaşygy bilen bedewleriň tebigy gözelligini çeken suratlarynda çeper beýan etmegi başardylar.

Bäsleşik sergisinde deň-duşlaryndan tapawutlanyp, ýeňiji bolan okuwçylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şamyrat Akmämmedow,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy.