"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aşgabadym sen

Ýüze sylyp, dag howasyn, serginin,Jahana nur paýlan, Aşgabadym sen.Günsaýyn giňeldýäň ösüş gerimin,Şäherleň gözeli, Aşgabadym sen. Ylalaşyk merkezi sen, paýtagtym,Miwesi datlydyr «dostluk daragtyň».Seniň bilen bagly ykbalym, bagtym,Hoş günden serpaýly, Aşgabadym sen.

Parahatlyk mekany sen, Aşgabat!

Paýtagtymyz Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Owadan, üýtgeşik, gözüň ýagyny iýip barýan binagärlik özboluşlylygyny bolsa ajaýyp simfoniki esere meňzedesiň gelýär. Ýokary ussatlyk bilen döredilen islendik sungat eseri ynsan göwnüni galkyndyrýar. Hut şonuň ýaly-da, paýtagtymyz Aşgabadyň mysalynda-da, nepis, milli binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan sungat eserini görmek bolýar. Elbetde, bu sungat eseri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň netijesinde dörän eserdir. Paýtagtymyzyň gözelligi diňe bir öz halkymyzy däl, eýsem, goňşy ýurtlardyr daşary döwletleriň wekillerini-de haýrana goýýar. Soňky on bäş ýylyň içinde özboluşly binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalaryň, söwda we beýleki maksatly binalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzyň gözelliginiň ýene bir aýratynlygy ýol çatryklaryndaky we ýoluň gyralaryndaky özboluşly milli äheňde bezelen binalar toplumydyr. Ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny, sungata, däp-dessurlarymyza bolan sarpasyny, ahalteke bedewlerimizdir türkmen alabaýlaryna bolan söýgimizi özünde jemleýän ençeme binalar, ýadygärlikler paýtagtymyzyň görküne görk goşýar. Uzakdan seleňläp, ýurt Garaşsyzlygynyň, parahatçylygynyň we Bitaraplygynyň owazy bolup pasyrdaýan ýaşyl Baýdagymyz paýtagtymyzyň altyn gupbasynyň täjine meňzeýär. Şonuň ýaly-da, paýtagtymyzyň birnäçe binagärlik we beýleki gurluş aýrat

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri ata Watanymyzy mundan hem gözel, has kuwwatly döwlete öwrer

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda her günki gazanýan ösüşlerimiz çuň mazmuny bilen taryhymyzy bezeýär. Ol ösüşler milli Liderimiziň taryhy başlangyçlary bilen bütin dünýäde yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» ähmiýetli wakalary bolup, dünýäde giň seslenme tapýar. Dünýäniň belli habar beriş serişdeleri milli Liderimiziň halkara ähmiýetli amala aşyrýan taslamalaryna, köpmilletli agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmetine Türkmenistanyň parahatçylykly ösüşi wagyz etmekdäki aýdyň tejribeleri hökmünde baha berýärler. Döwlet Baştutanymyzyň 25-nji fewralda ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen geçiren taryhy ähmiýetli duşuşygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hemmetaraplaýyn beýik ösüşleriniň täze sepgitlerini kesgitledi.

Sanly ulgam kämilleşdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we ylmy işläp taýýarlamalary döwrüň talaplaryna laýyklykda önümçilige ornaşdyrmak, sanly aragatnaşyk ulgamynyň öňünde döwlet Baştutanymyzyň goýan wezipelerini doly ýerine ýetirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi şol bir wagtda Diýarymyzda giňden ornaşdyrylýan sanly ulgamyň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge hem gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Sanly ulgam merkezinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek ileri tutulýan möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Bu merkeziň alyp barýan işiniň esasy ugry ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Belent ynam bilen beýik maksatlara tarap

«Türkmenistan arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr». Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Döwrümiziň nyşany bolan Aşgabady ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys

2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülen ak mermerli paýtagtymyz 140 ýyllygyny belleýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijiligiň we ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Gür bagly seýilgähleri, ýaşyl zolaklary, altynsow gümmezleri bolan köşkleri hem-de köpsanly döwrebap suw çüwdürimleri bilen Aşgabat özboluşly binagärlik aýratynlygy bolan beýik binalary we desgalary bilen Watanymyzyň şu günki ajaýyp döwrüni hem-de nurana geljegini aýdyň görkezýär. «Türkmenistan -- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Aziýanyň merjeni ak mermerli Aşgabat

Häzirki wagtda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna giňden taýýarlyk görülýär. Golaýda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň häkimliginde taýýarlyk görmek hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahatda hem birnäçe möhüm wezipeleri öňde goýdy. Elbetde, döwletler paýtagt şäherleri bilen tanalýar. Ýurtlara paýtagtyna görä baha kesýärler. Durky bilen aklyga bürenen Aşgabat, ylla diýersiň, ak asmany ýatladyp, göwünleri joşa getirýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň yhlasyndan, ylhamyndan bina bolan paýtagtymyz bu gün Aziýanyň merjeni diýlip tanalýar.

Aşgabat

(Aýdym üçin) Baky ýaşlyk nyşany bar adyňda seň, Aşgabat!

Sazlaşygyň şäheri

Aşgabat. Aşyklaryň şäheri. Garaşsyz Watanymyzyň ýüregi. Dünýäniň ýüzünde ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygyň mekany hökmünde uly ynam, buýsanç bilen bakylýan şäher. Biziň islendigimiz üçin ol Watan sözi bilen manydaş. Hut şonuň üçin hem biz şahyr tarapyndan: Mähir, söýgi bardyr eziz adyňda,Okgun bardyr seniň bedew badyňda,Elmydama ak Gün dogsun alnyňda,Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat!

Rowaçlygyň röwşen ýoly

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly ösüşlere, belent üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar, iň döwrebap ugurlar kemala gelýär. Eziz Diýarymyzyň şeýle beýik ösüşleri halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün edýär, parahatçylyk söýüjilik ýolumyzy has-da ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär.

Ösüşlere beslenýän paýtagtymyz

Türkmen halky iňňän gadym döwürlerde hem ajaýyp desgalary gurmakda, olaryň özboluşly binagärlik keşbini döretmekde dünýäde meşhurlyk gazanypdyr. Munuň hut şeýledigine Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky gadymy Amul, Merw, Köneürgenç, Dehistan, Nusaý ýaly öz döwründe iň bir owadan şäherler aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty gözel Aşgabat ata-babalarymyzyň binagärlik sungatyndan gözbaş alyp, Gündogaryň merjen şäherine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň “Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has-da gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys” diýip parasatly bellemegi, eziz paýtagtymyzyň bedew batly ösüşlerinden habar berýär.

Demokratik ýörelgelere daýanyp

Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy. Ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň sany çäklendirilen däldir. Mejlise gatnaşyjylaryň her biri dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hökmünde hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge bolan hukuklaryndan kanuna laýyklykda peýdalandylar.

Milli gymmatlyklara sarpa

Öňňin paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi. Mähriban halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini nazarlaýar.

Belent ösüşleriň binýady

Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 25-ine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen Ruhyýet köşgünde duşuşyk geçirdi. Maslahatda milli Liderimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy bolup çykyş etjek strategik ugurlar hakynda gürrüň etdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda üstümizdäki ýylda «Prezident Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek barada aýdyň wezipeleri kesgitledi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasynda «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýlip bellenilýär.

Aşgabadym — göwün şadym

Ähli döwletlerde paýtagt diýlip ykrar edilen şäher şol döwletiň ýüregi hasaplanýar. Şeýle bolansoň, paýtagtyň özge şäherlerden has üýtgeşik, gözel, owadan bolmalydygy öz-özünden düşnüklidir. Eýsem, biziň gözel paýtagtymyz Aşgabat hakynda nämeleri aýdyp bolar? Köpetdagyň belent gerişleri, Garagumuň altynsow çägelikleri bilen galtaşýan Aşgabat Türkmenistanyň baş şäheridir. Ýurduň syýasy, ykdysady ösüşleri, ruhy-jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly iň möhüm resminamalar, çözgütler şu ýerde kabul edilýär. Dostlukly ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň şu güni we ertiri bilen bagly möhüm meseleleriň çözgütleri Aşgabatda tapylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň köpüsi, ylmy ojaklary paýtagtda ýerleşýär, Aşgabat şeýle hem ýurduň medeni paýtagtydyr. Bu ýerde teatrlar, ençeme muzeýler, döwlet medeni merkezi, onuň düzümine girýän aýdym-saz, simfoniki, hor, tans we beýleki ugurlar boýunça edaralar bar.

Arkadagyň ak şäheri Aşgabat

«Aziýanyň merjen şäheri» diýlip tanalýan gözel paýtagtymyz Gahryman Arkadagymyzyň arhitektorlyk zehininden hem paýhasyndan bina bolup, gün-günden gözelleşýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde, döwletimiziň paýtagty dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Her bir döwletiň ösüş derejesini onuň paýtagtynyň keşbinde görmek bolýar. Paýtagtymyzyň gözelliklerine nazar aýlap, döwletimiziň, döwrümiziň, durmuşymyzyň, halkymyzyň keşbini synlamaga, olara baha bermäge mümkinçilik tapýarys.

Garaşsyzlyk — döwrümiziň ganaty

Merdana halkymyzyň mizemez bagty, döwrümiziň goşa ganaty baky Bitaraplygymyzyň we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şuglasy bu günki gün eziz Diýarymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlar. Özygtyýarly ösüş ýolunda geçilen 30 ýylyň içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleri sanardan kän. Täze taryhyny, milli döwletini kemala getirmekde halkymyzyň öz ýoluny tapandygyna biziň asuda, parahat durmuşymyz, okgunly ösüşlerimiz, dünýäniň ähli ýurtlary bilen ýola goýlan dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz şaýatlyk edýär.

Bagtymyzyň gözbaşy

Dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dünýä döwletleri we iri halkara guramalary Garaşsyz Türkmenistany ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi eziz Diýarymyzyň agzybirligi we parahatçylygy söýýän merdana halkynyň göwnüni galkyndyrdy. Çünki halkymyz asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan durmuş ýolunyň bütin dowamynda parahatçylyksöýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýup gelýär. Ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp ýol-ýörelgelere halkymyzyň döwletlilik ýörelgesi hökmünde uly hormat goýýan hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde bu ýol-ýörelgeleri döwrebaplaşdyryp, kämilleşdirip, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde üstünlikli işleri amala aşyrýar. TDP-niň Tejen şäher komitetiniň işgärleri tarapyndan hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda geçiren wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynda beren tabşyryklaryny berjaý etmek boýunça 2021-nji ýylyň dowamynda alnyp baryljak işleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Häzirki döwürde bu meýilnama esasynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet üstünlikle

Möhüm möwsümiň bosagasyndaky tutumly tagallalar

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde hormatly Prezidentimiziň 1-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda öňde goýan wajyp wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahat geçirildi. Oňa etrapdyr şäherleriň häkimleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde hormatly Prezidentimiziň şol gün irden sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda häzirki döwürde welaýatymyzda ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk guramak barada beren görkezmelerini günübirin ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew maslahaty açyp, ilki bilen welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijesi, ýerlerde gowaça, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleriniň gidişi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň guralyşy, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylyşy barada giňişleýin gürrüň etdi.