Bagtymyzyň gözbaşy

3 Mart 2021
615

Dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dünýä döwletleri we iri halkara guramalary Garaşsyz Türkmenistany ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edýär.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi eziz Diýarymyzyň agzybirligi we parahatçylygy söýýän merdana halkynyň göwnüni galkyndyrdy. Çünki halkymyz asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan durmuş ýolunyň bütin dowamynda parahatçylyksöýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýup gelýär. Ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp ýol-ýörelgelere halkymyzyň döwletlilik ýörelgesi hökmünde uly hormat goýýan hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde bu ýol-ýörelgeleri döwrebaplaşdyryp, kämilleşdirip, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde üstünlikli işleri amala aşyrýar. TDP-niň Tejen şäher komitetiniň işgärleri tarapyndan hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda geçiren wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynda beren tabşyryklaryny berjaý etmek boýunça 2021-nji ýylyň dowamynda alnyp baryljak işleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Häzirki döwürde bu meýilnama esasynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamak, Garaşsyzlygyň durmuşymyzdaky ähmiýetini halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek, jemgyýetde demokratik ýol-ýörelgeleri berkitmek bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar.

Gülälek GURBANGYLYJOWA,
TDP-niň Tejen şäher komitetiniň hünärmeni.