Garaşsyzlyk — döwrümiziň ganaty

3 Mart 2021
711

Merdana halkymyzyň mizemez bagty, döwrümiziň goşa ganaty baky Bitaraplygymyzyň we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şuglasy bu günki gün eziz Diýarymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar.

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlar. Özygtyýarly ösüş ýolunda geçilen 30 ýylyň içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleri sanardan kän. Täze taryhyny, milli döwletini kemala getirmekde halkymyzyň öz ýoluny tapandygyna biziň asuda, parahat durmuşymyz, okgunly ösüşlerimiz, dünýäniň ähli ýurtlary bilen ýola goýlan dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz şaýatlyk edýär.

Çemen KÖNÄÝEWA,
TDP-niň Ak bugdaý etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.