Aziýanyň merjeni ak mermerli Aşgabat

4 Mart 2021
860

Häzirki wagtda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna giňden taýýarlyk görülýär. Golaýda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň häkimliginde taýýarlyk görmek hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahatda hem birnäçe möhüm wezipeleri öňde goýdy.

Elbetde, döwletler paýtagt şäherleri bilen tanalýar. Ýurtlara paýtagtyna görä baha kesýärler. Durky bilen aklyga bürenen Aşgabat, ylla diýersiň, ak asmany ýatladyp, göwünleri joşa getirýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň yhlasyndan, ylhamyndan bina bolan paýtagtymyz bu gün Aziýanyň merjeni diýlip tanalýar.

Enejan TOÝLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.