Möhüm möwsümiň bosagasyndaky tutumly tagallalar

3 Mart 2021
662

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde hormatly Prezidentimiziň 1-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda öňde goýan wajyp wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahat geçirildi. Oňa etrapdyr şäherleriň häkimleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde hormatly Prezidentimiziň şol gün irden sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda häzirki döwürde welaýatymyzda ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk guramak barada beren görkezmelerini günübirin ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew maslahaty açyp, ilki bilen welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijesi, ýerlerde gowaça, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleriniň gidişi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň guralyşy, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylyşy barada giňişleýin gürrüň etdi.