Döwrümiziň nyşany bolan Aşgabady ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys

4 Mart 2021
915

2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülen ak mermerli paýtagtymyz 140 ýyllygyny belleýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijiligiň we ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Gür bagly seýilgähleri, ýaşyl zolaklary, altynsow gümmezleri bolan köşkleri hem-de köpsanly döwrebap suw çüwdürimleri bilen Aşgabat özboluşly binagärlik aýratynlygy bolan beýik binalary we desgalary bilen Watanymyzyň şu günki ajaýyp döwrüni hem-de nurana geljegini aýdyň görkezýär.

«Türkmenistan -- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar.