Aşgabadym — göwün şadym

3 Mart 2021
839

Ähli döwletlerde paýtagt diýlip ykrar edilen şäher şol döwletiň ýüregi hasaplanýar. Şeýle bolansoň, paýtagtyň özge şäherlerden has üýtgeşik, gözel, owadan bolmalydygy öz-özünden düşnüklidir. Eýsem, biziň gözel paýtagtymyz Aşgabat hakynda nämeleri aýdyp bolar? Köpetdagyň belent gerişleri, Garagumuň altynsow çägelikleri bilen galtaşýan Aşgabat Türkmenistanyň baş şäheridir.

Ýurduň syýasy, ykdysady ösüşleri, ruhy-jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly iň möhüm resminamalar, çözgütler şu ýerde kabul edilýär. Dostlukly ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň şu güni we ertiri bilen bagly möhüm meseleleriň çözgütleri Aşgabatda tapylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň köpüsi, ylmy ojaklary paýtagtda ýerleşýär, Aşgabat şeýle hem ýurduň medeni paýtagtydyr. Bu ýerde teatrlar, ençeme muzeýler, döwlet medeni merkezi, onuň düzümine girýän aýdym-saz, simfoniki, hor, tans we beýleki ugurlar boýunça edaralar bar.

Öwezdurdy HOJATOW,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.