«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024
Güneş öz şöhlesinde bedenimiz üçin gerekli bolan D witaminini saklaýandygy hemmämize mälimdir. Şonuň üçin käteler güneşlemek peýdaly bolsa-da, jöwzaly tomusda Güneşiň şöhlelerinden goranmaly bolýarys. Sebäbi ýyl-ýyldan gyzgynlygy artýan Güneşiň şöhleleri ýiti bolanda bedenimize zyýanly täsir edýär. Şonuň üçin tomusda Güneşden goranmak üçin käbir düzgünleri berjaý etmegi unutmaly däldiris.