"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Demokratiýanyň dabaralanmasyna öwrüldi

Düýn Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary boldy. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrülen bu saýlawlar welaýatymyzda, degişli kanunçylyga laýyklykda, guramaçylykly geçirildi. Munuň üçin Änew şäherindäki Medeniýet öýünde döredilen saýlaw uçastogynda ýokary derejedäki mümkinçiliklerdir şertler üpjün edildi.

Milli demokratiýanyň aýdyň beýany

Düýn — 28-nji martda ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre geçirildi. Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boldy. Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe — ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda oňyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýa ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýar.

Türkmenistan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlaryny geçirmäge taýýar

Ýekşenbe güni, 28-nji martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçiriler. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilýän şu saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de döwletimiziň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler ýolunda ýene bir ähmiýetli waka bolar.

Milli demokratiýanyň möhüm aýratynlygy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ertir geçiriljek saýlawlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň kanunçylyk esaslaryny berkitmek bilen, döwlet dolandyrylyşynda halkyň işjeň ornuny pugtalandyryp, milli demokratiýamyzy kämilleşdirmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygyny nobatdaky gezek dünýä ýaýar. Gahryman Arkadagymyz häkimiýet bilen halkyň jebisliginde we hemişelik hyzmatdaşlygynda döwrüň öňdebaryjy, ähli ugurlarda okgunly ösýän kuwwatly döwletini gurup boljakdygyny hemişe aýratyn nygtaýar. Şu hakykatdan ugur alyp, Arkadag Prezidentimiz iki palataly ulgama geçmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu başlangyç halkymyzyň giň goldawyna eýe boldy. Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň milli parlamenti Milli Geňeş, onuň kanun çykaryjy palatasy Mejlis, wekilçilikli palatasy bolsa Halk Maslahaty diýlip atlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlaryna, halkymyzyň ählumumy goldawyna daýanyp, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň gurluşynda amala aşyrylan bu özgertmeler jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin möhüm şertleri üpjün etmek ýaly asylly maksada gönükdirilendir. Bu maksada ýetmekdäki tagallalaryň rowaçlygy döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgeler

Rowaýatlara siňen pähimler

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby özünde syýasy-jemgyýetçilik many-mazmuny jemlemek bilen birlikde, ol halkyň ýaşaýşynyň umumy kadalaryny, ruhy-ahlak gözelligini hem aýdyň açyp görkezýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» diýen bölüminde ýerleşdirilen çuňňur pelsepeli rowaýatlar-da anyk subutnamadyr. Bölümde «Ýüň saçak» atly rowaýat göwrümi taýdan kiçi bolsa-da, many-mazmuna baýlygy bilen okan her bir okyjyda öz täsirini galdyrýar. «Ýüň saçak» rowaýaty mukaddesliklerimizden söz açýar: «Ilerden gelýän çeşme bir sebäp bilen kesilýär. Ilat göçmekçi bolýar. Her kim goş-golamyny ýygnap, düýelere ýükleýär. Bir oglan ýanyna enesiniň beren ýalňyz saçagyny alýar. Ondan näme üçin diňe saçagy alandygyny soranlarynda, ol şeýle jogap berýär:

Ertir — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

HALK DEMOKRATIÝASY DABARALANDYRYLÝAR Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli başlangyçlary döwlet durmuşyny ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly maksatlara gönükdirilen tutumlary bu günki gün ähli ugurlarda hem ulgamlarda gazanylýan ýokary netijelerde has aýdyň görünýär. Ol bolsa döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen sahawatly ýörelgäniň durmuş hakykatyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň durmuş abadançylygyny pugtalandyrmak, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, halk demokratiýasyny kämilleşdirmek babatda hem belent başlangyçlary durmuşa geçirýär. Muny ýurdumyzda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň mysaly doly tassyklady we demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesini has belende göterýän beýik işleriniň hataryny artdyrdy. Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek, şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça möhüm özgertmeler amala aşyryldy, Konstitusion kanun kabul edildi. Ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda halk demokratiýasyny berkarar etmegiň aýrylmaz guraly bolan milli Parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly gurluşy döredildi. Bu bolsa berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk

Ak şäherim Aşgabat

Şeýle at bilen golaýda Boldumsaz etrap merkezi kitaphanasynda ata Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyna, merjen şäherimiziň waspyny belentden ýetirip hormatly Prezidentimiziň golaýda döreden «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgusyna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik agşamy geçirildi. Döredijilik agşamynda milli Liderimiziň paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolan goşgusynyň many-mazmun hem-de çeperçilik aýratynlyklary, aýdyma öwrülen bu eseriň owaz sazlaşygy hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Hamallara geljek hepdede öz işlerini ynamly meýilleşdirmek maslahat berilýär. Güýç-gaýratyňyzy, hyjuwyňyzy ownuk-uşak zatlara sarp etmäň. Size gelip gowuşýan habarlara ünsli boluň. Hepdäniň ahyrynda öz gündelik işleriňizi ünsli ýerine ýetiriň. Başgalaryň meselelerini çözmäge wagt sarp etmeli bolmagyňyz mümkin. Siz gowy tejribe toplarsyňyz.

Asyry arka atan

Köýtendagyň jana melhem hoştap howasy, gelenleri güler ýüz bilen garşylaýan myhmansöýer adamlary syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň, tebigaty öwrenijileriň ünsüni özüne çekýär. Şeýle ajaýyp tebigatyň goýnunda ýaşaýan adamlar sagdyn ruhly, berk bedenli bolýarlar. Hut şonuň üçin hem bu ýerde uzak ýaşy arka atan ynsanlar kän. Şolaryň biri-de etrabyň Garnas geňeşliginde ýaşaýan Joragül Mahmudowadyr. Ýüz ýaşy arka atan bu mähriban ene 1921-nji ýylda etrabyň Bazardepe obasynda dünýä inýär. Ikinji jahan urşunyň edil öň ýanynda ol öz obadaşy Isman Hydyrow bilen maşgala gurýar. Ençeme ynsanlaryň ömür tanapyny gyrkan, ýary ýaryndan, enäni oglundan, perzendi ata mährinden jyda düşüren bu nägehan uruş Isman aga bilen Joragül daýzany hem aýraçylyga sezewar edýär. 1942-nji ýylda Watan goragyna giden Isman aga Russiýanyň Smolensk sebitlerinde gahrymanlarça söweşýär. Adamsyny urşa ugradan Joragül daýza hem bilini berk guşap, ähli adamlar bilen bir hatarda zähmet meýdanynda gijesini gündiz edip işleýär, ekin ekýär, pagta ýygýar, orak orup, döwek döwýär. Aňzakly gyş gijelerinde frontçy esgerler üçin jorapdyr ellik örýär. Urşa gidenleriň sag-aman dolanyp gelmeklerini gije-gündiz dileg edýär. Uruş ýeňiş bilen tamamlanyp, Isman aga hem sag-aman maşgalasyna dolanýar. Agzybir maşgalada ýene-de asuda durmuş, zähmet ýoly başlanýar. Bu döwletli maşgalada on bir perzent dünýä inýär. Isman agadyr Joragül da

Hasabat-saýlaw ýygnagynda

Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen yglan edilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň häzirki günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň kararyna laýyklykda döwletimiziň degişli edara-kärhanalarynda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň nobatdaky hasabat-saýlaw ýygnaklary dowam edýär. Şeýle çäreleriň biri «Marynebitgazgurluşyk» trestinde hem işjeň ýagdaýda geçirildi. Hasabat ýygnagynda trestiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň nobatdaky hasabat-saýlaw we kärhananyň iş berijisi bilen işgärleriniň arasyndaky köpçülikleýin şertnamany baglaşmak baradaky meselelere garaldy. Ýygnakda «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Muhammet Toýçyýew hasabat döwründe alnyp barlan işleriniň jemleriniň we guramanyň derňew toparynyň hasabatlary diňlenildi.

Ösýär, özgerýär Watanym

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň ösüş-özgerişli ýoly rowaçlyklara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen halky buýsançly seneleriň biri bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna barýar. Ýurdumyz demokratik, hukuk döwleti hökmünde ähli ugurlar boýunça ösen döwletleriň hataryna goşuldy. Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan taryhy eýýamynyň ýyllary içinde Garaşsyz Türkmenistanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykdy. Milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasaty netijesinde adam hakdaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Bagtyýar ykbally ýurdum

Milli däp-dessurlarymyzdan, ata-baba ýol-ýörelgämizden ugur alýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen biziň ýurdumyzda her ýyl mynasyp atlar bilen garşylanýar. 2021-nji ýyly hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ady bilen garşyladyk. Bu ýylyň ilkinji ädimini ädýän günlerinden başlap, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň hem ýeňişlerden, uly üstünliklerden doly ýyl boljagyna her birimiz ynandyk. Ýurdumyzy ähli babatda gülledip ösdürip, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny eşrete beslemegiň giň möçberli maksatnamalaryny amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyz beýik ösüşlere badalga bermek bilen, amala aşyrýan il-ýurt bähbitli tutumly işleri biziň halkymyzyň ykbalyny düýpgöter özgertdi.

Ahlak terbiýesi

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň arassa ahlakly, Watana wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallaryndan ugur alyp, ýaşlaryň arasynda ahlak terbiýesini güçlendirmek maksady bilen TMÝG-niň etrap geňeşi beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrapda ýerleşýän S. A. Nyýazow adyndaky pagta egirme fabriginde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Ahlak terbiýesi» atly şygar astynda wagyz--nesihat duşuşygyny gurady. Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Eziz Pygamow, TDP-niň etrap komitetiniň iş utgaşdyrjysy Serdar Jumageldiýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Atamyrat Garaýew duşuşygyň mowzugyna degişli täsirli çykyş edip, ýaşlara öwüt-nesihat berdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň arassa ahlakly, olaryň Watana wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda edýän bimöçber aladalaryna sagbolsun aýdýarys.

Belent sarpa

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, hukuk öwreniji zenanlaryň gatnaşmaklarynda zenanlaryň we gyzlaryň arasynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, zenanlaryň hukuklary we borçlary, milli maşgala däpleri we gymmatlyklary, ahlak terbiýesi barada söhbetdeşlikleri geçirmek boýunça tabşyryklary berdi. Olardan ugur alyp, TMÝG-niň etrap geňeşi etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda maslahat geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler türkmen jemgyýetini ösdürmekde, jemgyýetçilik aňyny kämilleşdirmekde zenanlaryň durmuşdaky uly orny barada durup geçdiler. Kiçijik gyzlarymyzyň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz”, talyp gyzlaryň arasynda “ Talyp gözeli” ýaly döredijilik bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýändigini ýatladylar.

Älem ýüzi nurlanýar zenanlar bilen

Beýik ogullary, beýik şahsyýetleri mähriban eneler kemala getirýär. Eziz Arkadagymyz, Oguz han atamyz, Gorkut atamyz, Görogly begdir Magtymguly atamyz ýaly beýik ogullary beren türkmen eneleriniň dowamaty dowam bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eneleri, zenanlary döwletlidir. Şeýle eneleri bolan millet bagtlydyr. Aýal-gyzlar ýaşaýşyň, rowaçlygyň, kämilligiň, öý- -ojaklaryň şuglasy saýylýar. Türkmen halkymyz zenanlary ýüzüniň tuwagy, ary-namysy, maşgala ojagynyň eýesi hasaplap, sarpa goýup gelipdirler. Zenanlar maşgala ojagynyň ýylysyny, jemgyýetiň ahlak binýatlaryny, däplerini gorap saklapdyrlar we bu ýol-ýörelgäni biziň günlerimize çenli ýetiripdirler. Döwlet Baştutanymyzyň gelin-gyzlara goýýan hormaty biziň zenan kalbymyzy diýseň begendirýär, joşdurýar.

Başa täçdir eneler

Bu dünýädäki iň eziz barlyk enedir. Eneler barlyk zynjyrynyň iň möhüm halkalarynyň biridir. Eneler bolmasa, ynsan nesli dowam bolmazdy. Ene söýgüsi uly güýçdür. Perzendiniň sallançagyny üwräp telim gijäni ukusyz geçiren ene “Ýadadym, irdim” diýmez, gaýta “Aýlanaýyn adyňdan” diýip hüwdi aýdar. Ýer ýüzünde ene söýgüsi sähel azalsa, ony doňaklyk bürär. Çünki, Ýer togalagyny ýyladýan ene mähriniň ýylysydyr. Ene elleriniň pamyk ýaly aýasy bilen başyňy sypanda ýüregiňe siňdirýän ýylysyny başga zada deňäp bolmaz. Bizi elmydama özüniň mähri bilen bagryna basýan, durmuşda ýolumyzy arçaýan, kämil kemala gelmegimize sebäp bolýan, gözýetimimizi giňeldýän, dünýämizi gözelleşdirýän mukaddeslik enedir.

Parahatçylyk we ynanyşmak — ählumumy abadançylygyň möhüm guraly

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Biz Berkarar döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýäris, parahatçylyk we ynsanperwerlik syýasatyny alyp barýarys. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldanylýar hem-de ykrar edilýär. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistan — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Owal-ahyr pederleriň ak arzuw bilen ýeteni,Döwlet gurup, şu toprakda ak öýleň düýbün tutany,Garaşsyzlyk şuglasyndan halkyň bagt daňy atany,Asmany päk, sähralary gül bürenen läle-reýhan, Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Sahawatly topragymyz Göroglynyň sežd edeni,Ýagşyzada, erenleriň gadam urup, keşt edeni,Baglarym bar bahar gelse, erem baga keşp edeni,Dag-u-düzler çar pasylda ýaşyl öwsen bagy-bossan, Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Parahat Watanyň owadan ýazy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýene-de toý bolup bahar-ýaz geldi. Göwünleri ganatlandyrýan, ene topraga bereket nuruny eçilýän, ýagyş-ýagmyrly bahar biziň ilimize ençeme milli baýramlarymyzy alyp gelýär. Desse-desse güllere, kalbymyzy joşdurýan duýgulara beslenip gelýän pasly, baharyň ilkinji aýyny halkymyz uludan bellenilip geçilýän Halkara zenanlar güni bilen garşy alýar. Şahyryň: Durna jümjümeli, älemgoşarly, Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym. Edepli-ekramly, gunduz goşarly, Bäs edişdiň gyzlar bilen, ýazlarym!

Türkmenistanyň milli geňeşiniň halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýokary guramaçylykda geçirilmäge doly taýýar

Geňeş etmek, sala salmak, halk bähbitli işleri halkyň özi bilen maslahatlaşmak türkmeniň asyrlarboýy dowam edip gelýän dessurydyr. Milli dessur halkymyzyň demokratik ýörelgeleriniň gadymylygynyň hem-de örän berkdiginiň nyşanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde, hakyky halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary hem halkymyzyň milli ýörelgelerine daýanýar. Biz bu saýlawlar, olaryň guramaçylyk işleri dogrusynda gürrüň bermek üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni Maksatmyrat GELDIÝEW bilen söhbetdeş bolduk. — Ýurdumyzda milli parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde täze taryhy döwür başlandy. Saýlaw kodeksine üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze döredilýän palatasynyň, ýagny Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny guramagyň we geçirmegiň hukuk esaslary berkidildi. Nesip bolsa, 28-nji martda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary geçiriler. Saýlawlary geçirmekde alnyp barylýan işl