Ahlak terbiýesi

26 Mart 2021
867

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň arassa ahlakly, Watana wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallaryndan ugur alyp, ýaşlaryň arasynda ahlak terbiýesini güçlendirmek maksady bilen TMÝG-niň etrap geňeşi beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrapda ýerleşýän S. A. Nyýazow adyndaky pagta egirme fabriginde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Ahlak terbiýesi» atly şygar astynda wagyz--nesihat duşuşygyny gurady.

Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Eziz Pygamow, TDP-niň etrap komitetiniň iş utgaşdyrjysy Serdar Jumageldiýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Atamyrat Garaýew duşuşygyň mowzugyna degişli täsirli çykyş edip, ýaşlara öwüt-nesihat berdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň arassa ahlakly, olaryň Watana wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda edýän bimöçber aladalaryna sagbolsun aýdýarys.