Belent sarpa

26 Mart 2021
788

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, hukuk öwreniji zenanlaryň gatnaşmaklarynda zenanlaryň we gyzlaryň arasynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, zenanlaryň hukuklary we borçlary, milli maşgala däpleri we gymmatlyklary, ahlak terbiýesi barada söhbetdeşlikleri geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.

Olardan ugur alyp, TMÝG-niň etrap geňeşi etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda maslahat geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler türkmen jemgyýetini ösdürmekde, jemgyýetçilik aňyny kämilleşdirmekde zenanlaryň durmuşdaky uly orny barada durup geçdiler. Kiçijik gyzlarymyzyň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz”, talyp gyzlaryň arasynda “ Talyp gözeli” ýaly döredijilik bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýändigini ýatladylar.