Ertir — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

26 Mart 2021
962

HALK DEMOKRATIÝASY DABARALANDYRYLÝAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli başlangyçlary döwlet durmuşyny ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly maksatlara gönükdirilen tutumlary bu günki gün ähli ugurlarda hem ulgamlarda gazanylýan ýokary netijelerde has aýdyň görünýär. Ol bolsa döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen sahawatly ýörelgäniň durmuş hakykatyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň durmuş abadançylygyny pugtalandyrmak, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, halk demokratiýasyny kämilleşdirmek babatda hem belent başlangyçlary durmuşa geçirýär. Muny ýurdumyzda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň mysaly doly tassyklady we demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesini has belende göterýän beýik işleriniň hataryny artdyrdy. Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek, şunuň bilen baglylykda, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça möhüm özgertmeler amala aşyryldy, Konstitusion kanun kabul edildi. Ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda halk demokratiýasyny berkarar etmegiň aýrylmaz guraly bolan milli Parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly gurluşy döredildi. Bu bolsa berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmek we döwlet häkimiýet edarasynyň işiniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döredýär.

Agamyrat AKYÝEW,
welaýat saýlaw toparynyň başlygy.