Ösýär, özgerýär Watanym

26 Mart 2021
776

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň ösüş-özgerişli ýoly rowaçlyklara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen halky buýsançly seneleriň biri bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna barýar.

Ýurdumyz demokratik, hukuk döwleti hökmünde ähli ugurlar boýunça ösen döwletleriň hataryna goşuldy. Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan taryhy eýýamynyň ýyllary içinde Garaşsyz Türkmenistanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykdy. Milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasaty netijesinde adam hakdaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.