Asyry arka atan

26 Mart 2021
786

Köýtendagyň jana melhem hoştap howasy, gelenleri güler ýüz bilen garşylaýan myhmansöýer adamlary syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň, tebigaty öwrenijileriň ünsüni özüne çekýär. Şeýle ajaýyp tebigatyň goýnunda ýaşaýan adamlar sagdyn ruhly, berk bedenli bolýarlar. Hut şonuň üçin hem bu ýerde uzak ýaşy arka atan ynsanlar kän. Şolaryň biri-de etrabyň Garnas geňeşliginde ýaşaýan Joragül Mahmudowadyr. Ýüz ýaşy arka atan bu mähriban ene 1921-nji ýylda etrabyň Bazardepe obasynda dünýä inýär.

Ikinji jahan urşunyň edil öň ýanynda ol öz obadaşy Isman Hydyrow bilen maşgala gurýar. Ençeme ynsanlaryň ömür tanapyny gyrkan, ýary ýaryndan, enäni oglundan, perzendi ata mährinden jyda düşüren bu nägehan uruş Isman aga bilen Joragül daýzany hem aýraçylyga sezewar edýär. 1942-nji ýylda Watan goragyna giden Isman aga Russiýanyň Smolensk sebitlerinde gahrymanlarça söweşýär. Adamsyny urşa ugradan Joragül daýza hem bilini berk guşap, ähli adamlar bilen bir hatarda zähmet meýdanynda gijesini gündiz edip işleýär, ekin ekýär, pagta ýygýar, orak orup, döwek döwýär. Aňzakly gyş gijelerinde frontçy esgerler üçin jorapdyr ellik örýär. Urşa gidenleriň sag-aman dolanyp gelmeklerini gije-gündiz dileg edýär. Uruş ýeňiş bilen tamamlanyp, Isman aga hem sag-aman maşgalasyna dolanýar. Agzybir maşgalada ýene-de asuda durmuş, zähmet ýoly başlanýar. Bu döwletli maşgalada on bir perzent dünýä inýär. Isman agadyr Joragül daýza öz çagalaryny edepli, adamkärçilikli edip ýetişdirýärler. Olaryň hemmesi häzirki günde dürli käriň eýeleri. Maşgalabaşy Isman aga 2004-nji ýylda dünýäsini täzeledi.

Atamyrat BABAÝEW,
Köýtendag etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy.