"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Mälikguly Berdimuhamedow (1932 — 2021)

18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Onuň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Täsinligiň hem tämizligiň şäheri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen şäher gurşawynyň ekologiýa derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, arassaçylygy üpjün etmek boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Geçen şenbe güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen köpçülikleýin bag oturtmak, arassaçylyk işleri ýokary ruhubelentlige beslendi. Batly depginler bilen ösýän we gözelleşýän ýurdumyzyň baş şäheri bagy-bossanlygy, lälezarlygy bilen köpleri haýran galdyrýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň daş-töweregini gurşap duran baglardyr köpýyllyk we möwsümleýin güller bossany diňe bir paýtagtymyzyň görküni artdyrmak bilen çäklenmän, howany-da arassalaýar. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk görelde bolmagy bilen geçirilen ählihalk ýowary paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde özboluşly zähmet joşgunyna öwrüldi. Aşgabat şäheriniň ähli edara-kärhanalarynyň işgärleri, zähmet toparlary, şol sanda talyp ýaşlar bu ählihalk işine yhlas bilen mynasyp goşant goşdular.

Aýdyň geljegiň nury

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda ata Watanymyzda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we belent sepgitlere ýetilýär. Munuň şeýledigine milli ykdysadyýetimizde, ylym we bilim ulgamlarynda, sportda we medeniýetde gazanylýan üstünlikler, bina edilýän gurluşyk toplumlary aýdyň şaýatlyk edýär. Geçen sanlyja ýyllaryň içinde Aşgabat şäherimiziň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynda hem çuň many bar. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, çeper döredijilik bilen meşgullanmak adama ägirt uly ruhy lezzet, ylham joşgunyny berýär. Diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, birnäçe daşary döwletleriň senenamasynda möhüm orun eýeleýän Halkara Nowruz gününiň bellenilýän hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerinde hormatly Arkadagymyzyň Akhan atly bedewiniň taýçanagynyň bolmagy, oňa Aşgabat diýlip at dakylmagy ähli ildeşlerimizi guwandyrdy. Ady asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän paýtagtymyzyň beýik ösüşleri halkymyzyň kalbynda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Paýtagtymyzyň ak mermerli şäher hökmünde, şeýle hem Aşgabadyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi türkmenistanlylary

Gözelligiň dürdänesi

Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda täsin binagärligi bilen giňden tanalýar. Beýik binalary, seýilgähleri, suw çüwdürimleri, heýkelleri bilen waspy dünýä dolan paýtagtymyz bu gün dillerde dessan bolup, kalplara ornaýar. Elbetde, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň barha rowaçlyga eýe bolýan şähergurluşyk syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Aşgabatda gurlan myhmanhanalar, döwrebap binalar, muzeýler, teatrlar, Döwlet medeniýet merkeziniň täsin binalary şäheriň gözelligine aýratyn görk goşýar. Depesi ýaşyl Tugly, ak mermerli belent binalar, ajaýyp köşkler, ýaşyl baglar, ter güller bilen bezelen ýollaryň, ajaýyp seýilgähleriň gözelligi buýsanjyňa buýsanç goşýar. Paýtagtyň haýsy künjegine ser salanyňda hem ak mermere beslenen binalaryň toplumyna, täsin gözellige, gije-gündiz janypkeşlikli zähmetiň gaýnap-joşýandygyna gözüň düşýär. Bu sazlaşykly gözellik bolsa hiç bir türkmenistanlyny biparh goýmaýar. Eziz Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän şähergurluşyk maksatnamasy paýtagtymyzy ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň birine öwürmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýollaryň çatryklarynda, paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde gurlan binalaryň her biri, ajaýyp seýilgähler özboluşly many-mazmuny, binagärlik çözgüdi taýdan diňe bir paýtagtlylarda däl, eýsem, mukaddes

Dillerimiziň dessany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat Aziýanyň merjen şäherine, halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy siňen mähir ojagyna öwrüldi. Milli Liderimiziň tagallasy bilen her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edilmegi bizi diýseň buýsandyrýar. «Aziýanyň merjen şäheri» adyna mynasyp bolan paýtagtymyzyň her bir künjegi günsaýyn ösýär, özgerýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy esasynda bütinleý diýen ýaly täze binagärlik keşbine eýe bolýan ak mermere bürenen Aşgabat türkmenistanlylar bilen bir hatarda, daşary ýurtly jahankeşdeleri hem haýran galdyrýar. Aşgabat diňe bir özboluşly binagärlik däl, eýsem, ekologiýa taýdan hem ösen şäherdir. Paýtagtymyzda her ýylda müňlerçe miweli we saýaly agaç nahallarynyň oturdylmagynyň netijesinde gür tokaýlar ýetişdirilýär. Merjen şäherimiziň içinden eriş-argaç bolup geçýän, göni hem owadan şaýollaryň, giň köçeleriň, olaryň iki tarapyna düzülen ak mermerli belent ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk, ylym-bilim desgalarynyň, olara bezeg berýän ýaşyl zolaklaryň, ajaýyp seýilgähleriň täsinligi, özboluşly görkanalygy kalbyňy heýjana getirýär.

«Açyk gapylar» güni

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2021-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary uniwersitet bilen tanyşdyrmak maksady bilen «Açyk gapylar» gününi geçirýändigini habar berýär. «Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň uniwersitetimizde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen zerur şertler we uniwersitetiň dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumyýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar. «Açyk gapylar» güni uniwersitetde we uniwersitetiň Balkanabat bölüminde 2021-nji ýylyň 5 — 6-njy maýynda sagat 15:00-da başlanýar.

Gyratyň owazy gelýär

Ynha, Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy ýetip gelýär. Biziň sungat mekdebimizde okaýan çagalar hem bu baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilýän hepdeligiň dowamyndaky konsertlerde türkmen bedewiniň we alabaýynyň waspyny ýetirýärler. Konsertde Umyt Mustakowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar ansamblynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary uly höwes bilen diňlenildi.

Düzgünler berjaý edilmelidir

Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek — diňe sürüjileriň däl-de, eýsem, pyýadalaryň hem borjy. Pyýada bol ýa-da ulagda, tapawudy ýok, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmelidigini, ýol hereketine gatnaşyjylaryň biri-birine hormat goýmalydygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Käwagtlar uly ýaşly adamlaryň ýol hereketiniň kadalaryny äsgermezçilik edýändikleriniň şaýatlary bolýarys. Bu, birinjiden, ýaş nesle görkezilýän ýaramaz göreldedir. Ikinjiden, şeýle hereketler ýol hereketiniň sazlaşygyny bozmak bilen bir hatarda düzgüni bozýanyň ömrüne hem howp salýar. Pyýadalar geçelgeleriň bar ýerinden yşykly sazlaýjylaryň rugsat berýän yşygy ýanandan soň köçeleri kesip geçmelidirler. Olaryň ýok ýerinde ilki bilen çep tarapyňa seredip, hiç hili päsgelçiligiň ýokdugyna göz ýetirenden soň ýöräp başlamalydygyny, köçäniň ortasyna barandan soň bolsa sag tarapdan hem ulaglaryň gelmeýändigini görüp, hereketi dowam etmelidigini ýatladýarys. Ulaglardan düşülenden soň ýoluň beýleki tarapyna ulagyň diňe yz tarapyndan geçmeli. Biziň hünärmenlerimiz ýylyň dowamynda bu düzgünleri düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Şonda ýoluň ugrunda hereket edenlerinde, köçeleri kesip geçenlerinde, ähli kadalary doly berjaý etmelidiklerini we hüşgärligi elden bermeli däldiklerini hem ýatladýarys.

Ählihalk ýowarynda

Guramaçylykly geçirildi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz Watanymyzda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň guwançly günleri ýeňişlere beslenýär. Häzirki wagtda türkmen halky taryhy wakalaryň — ak mermerli şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140, Beýik Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň uly toýlaryna taýýarlyk görýär. Şanly ýylymyzyň buýsançly senelerini mynasyp garşylamak bolsa il-günümiziň asylly däbidir.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de Türkmen alabaýynyň baýramyna

Halkymyzyň mili buýsanjy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ahalteke bedewlerine uly sarpa goýulýar. Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde türkmen bedewiniň abraý-mertebesi has-da arşa göterilýär. Seýisçilik sungatyny kämilleşdirip, tohum atlary ösdürip ýetişdirmeklige aýratyn üns berilýär.

Goşa gymmatlygymyzyň sarpasy

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň ilkinji gezek bellenilip geçilmegi guwanjymyza guwanç goşýar. Şu Permanda bellenilişi ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilip geçiljekdigi gadymy halkymyzyň tohum alabaý itleriniňem milli gymmatlyklarymyzyň biri bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Dogrusyny aýtsak, türkmen halkyny behişdi bedewsiz, tohum alabaý itsiz göz öňüne-de getirmek kyn. Sebäbi, geçmişde ata-babalarymyzyň bedew atlary kowanda ýetip, gaçanda gutulýan uçar ganaty bolan bolsa, alabaý itleri sak goragçysy, wepaly dosty bolup hyzmat edipdirler. Türkmen alabaýynyň baýramynyň barha golaý gelýän günlerinde döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylda okyjylaryna gowşan “Türkmen alabaýy” atly gymmatly eserini ýatlaman bolmaz. Çünki, milli Liderimiz bu ajaýyp kitabynda türkmen alabaý itleri barada gymmatly maglumatlary okyjylaryna ýetirýär. Tohum alabaý itleriniň geçmişde halkymyzyň durmuşynda eýelän orny dogrusynda gyzykly gürrüň berýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bir günde toýlanylmagy goşa gymmatlygymyza berilýän ýokary bahadyr.

Adam. Jemgyýet. Kanun

Maşgala agzalarynyň aliment tölemek borçlary Ata-eneleriň we çagalaryň aliment tölemek borçlary Türkmenistanyň Maşgala kodeksi tarapyndan kepillendirilendir. Bu Kodeks 2012-nji ýylyň aprel aýyndan güýje girizildi.

Jebisligiň binýady berkeýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen yglan edilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berer. Türkmenistan döwletimizde raýatlarymyzyň azatlyklaryny we hukuklaryny, döwletimiziň bähbitlerini hem-de konstitusion gurluşyny goramak, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda anyk işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimizde prokuratura edaralarynyň işgärleri kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy namalaryň hemmeler tarapyndan ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini amala aşyrýarlar. Eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmäge, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, agzybir türkmen halkymyzyň öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşýändiginiň hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalanýandygynyň subutnamasydyr.

Ösüşli döwrüň talaby

Demokratik, hukuk döwleti bolan Garaşsyz Türkmenistanymyz ähli ugurlar boýunça ösüş-özgerişli menzilleri külterleýär. Türkmen halky hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şanly wakalaryny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär. Ajap eýýamymyzyň döwrebap kanunçylygy Garaşsyz döwletimiziň ösüş-özgerişli ýolunyň rowaç almagyna itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, döwletiň we jemgyýetiň kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmekde kazyýet edaralarynyň işgärleri ähli tagallalary edýärler. Şunda Garaşsyz döwletimiziň kanunlarynyň hökmürowanlygyny üpjün etmek, adyl kazyýetliligiň hilini döwrüň talabyna laýyk ýokarlandyrmak, onuň açyklygyny we aýanlygyny gazanmak, biz, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň derwaýys wezipeleri bolup durýar. Bu möhüm ugurda alnyp barylýan işleriň milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatynyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalarda özüniň beýanyny tapýandygy guwandyrýar.

Gyzyl. Sary. Ýaşyl.

Abadan ýollar bagta ýetirýär Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da ýol-köçelerimiziň abadan bolmagyny gazanmak derwaýys meseleliginde galýar. Biz etrabymyzyň çägindäki dürli derejeli ýollarda we köçelerde ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmazlygy ugrunda ykjam aladalanýarys. Bu alada maşgalalarymyzyň abadanlygynyň, ömrümiziň rahatlygynyň aladasydyr. Şonuň üçinem bu meselä sürüjilerem, pyýadalaram deň derejede jogapkärçilikli çemeleşmelidirler.

Öri meýdanlaryny ýangyndan goralyň!

Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Orazmyrat Çaryýew bilen duşuşyp, öri meýdanlaryny ýangyndan goramagyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — Yssy günleriň gelmegi bilen al-ýaşyl öwsüp oturan meýdanlar gurap başlaýar. Bu bolsa sähralarda, tokaýlarda we öri meýdanlarynda ýangyn döremek howpuny ep-esli derejede artdyrýar. Şonuň üçin ýangyn döremek howpunyň öňüni almak we ýangyn howpsuzlygyny güýçlendirmek maksady bilen şu ýylyň maý aýynyň 1-inden noýabr aýynyň 1-ine çenli ýangyn howply möwsüm yglan edildi. Ýangyn howply döwürde ýangynyň öňüni alyş çärelerini geçirmek hökmandyr: ot ýakmak üçin 15 metr daş-töweregi arassalanan meýdança saýlanylyp alynmalydyr we ody 0,5 metr çuňlukda gazylan çukuryň içinde ýakmaly, ody ulanyp bolanyňdan soň, hökmany suratda söndürmelidir. Ekspedisiýalaryň, guýy gazýan hem bede taýýarlaýan brigadalaryň bolýan ýerleriniň, şeýle hem gara mallar suwa ýakylýan guýularyň 500 metrlik daş-töwereginde her biriniň inliligi azyndan 3,5 — 4 metr bolan iki sany zolak sürülmelidir. Ol zolaklaryň arasy bolsa 30 metr bolup, onuň üstündäki gury otlar ýakylyp aýrylmalydyr.

Mälikguly Berdimuhamedow (1932 — 2021)

18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Onuň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri: we­zi­pe­ler we borç­lar

Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan aýawly we rejeli peýdalanmak, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýagny, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. XX-ХХI asyrlaryň sepgidinde howanyň ählumumy üýtgemegi häzirki zamanyň beýleki ekologiýa meseleleri bilen bir hatarda wajyp mesele bolup durýar. Biziň döwletimizde bu ýagdaýa durnukly ykdysady ösüş we ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmekde mümkin boljak düýpli päsgelçilik hökmünde garalýar. Häzirki wagtda köp döwletlerde elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagy we täze görnüşli elektrik beketleriniň hereket etmegi bilen, atmosfera zyňylýan gazlaryň möçberi artýar. Durnukly ösüş üçin bu babatdaky meseleleriň wajypdygy göz öňünde tutulmak bilen, 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny (HÜTMS) kabul etmek babatda Karar kabul edildi. 2015-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Durnukly ösüş boýunça geçiren sammitinde döwlet Baştutanlary tarapyndan 2030-njy ýyla çenli ösüşiň ählumumy maksatnamasyny kesgitlejek Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) sanawyny öz içine alýan täze Gün tertibi kabul edildi. Durnukly ösüş maksatlary 17 sany bolup, olar 169 wezipäni özünde jemleýär. Halkara de

Türkmen demokratiýasynyň kämillik ýoly

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlet ähmiýetli syýasy çäreleriň hatarynda paýtagtymyzda dabaraly açylan Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi hem bar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň döredilmegi eziz Watanymyzyň taryhynda täze bir ähmiýetli sahypa bolup, döwrebap ösüşleriň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan demokratik tejribesiniň we ýörelgeleriniň esasynda kämilleşýändiginiň ýene bir görkezijisine öwrüler. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly parlamentiniň döredilmegi bilen, döwlet häkimiýetini amala aşyrýan we ýerli döwlet edaralarynda hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynda wekilçilik etjek, halkyň arasynda uly abraýa eýe bolan adamlary öňe çykaryp, il-ýurt ähmiýetli işleri amal etmek üçin zerur bolan binýatlaýyn esaslary berkitmekde täze tapgyra badalga berer. Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyzyň saýlanylmagy bolsa, täze özgertmeleriň, ösüşleriň gözbaşynda duran, halkymyzy birleşdirýän we belent maksatlara ugrukdyrýan milli Liderimize bolan synmaz ynamyň ykrarnamasy boldy. Geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, ýurtda kanun çykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan täze wekilçilikli edara döredildi. Türkmenistanyň Milli Geňeş

Beýik maksatlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda döwletimiziň, jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň konstitusion gurluşynyň esaslaryny berkitmek, döwleti dolandyrmagyň demokratik başlangyçlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli başlangyçlary aýratyn orun eýeleýär. 14-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisiniň bolmagy hem bu aýdylýanlaryň üstüni ýetirýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi netijesinde, onuň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi barada kabul edilen taryhy çözgütler gürrüňi edilýän mejlisiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Onuň dowamynda Konstitusiýanyň 78-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Halk Maslahatynyň sekiz agzasyny bellemek baradaky çözgüdiň beýan edilmegi-de demokratik we adalatlylyk ýörelgelerini berkitmekde uly ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň kanun çykaryjy häkimiýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işlere tü