Jebisligiň binýady berkeýär

19 Aprel 2021
723

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen yglan edilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistan döwletimizde raýatlarymyzyň azatlyklaryny we hukuklaryny, döwletimiziň bähbitlerini hem-de konstitusion gurluşyny goramak, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda anyk işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimizde prokuratura edaralarynyň işgärleri kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy namalaryň hemmeler tarapyndan ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini amala aşyrýarlar. Eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmäge, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, agzybir türkmen halkymyzyň öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşýändiginiň hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalanýandygynyň subutnamasydyr.